Nury Halmämmedow hakynda

Şu 2019-nji ýylyň iýunynda onuň ýogalanyna 36 ýyl doldy. Ol 1938-nji ýylyň 20-nji iýunyndaky şol wagtky Bäherden etrabynyň Daýna obasynda eneden doglup 1983-nji ýylyň 4-nji awgustynda Ašgabatda 45 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu waka diňe bir türkmen sungatynyň öwezini dolduryp bolmajak ýitgisi bolman, eýsem dünýä möçberinde-de uly ýitgidi.
Bellik: Sud-medisina ekspertiniň 1953-nji ýylyň 20-nji aprelinde gelen netijesi boýunça Nury Halmämmedowyň ýaşy, doglan ýyly, aýy we güni anyklananda 1940-njy ýylyň 24-nji fewraly diýlip kesgitlenildi.
Nury Türkmen Döwlet Sazçylyk mekdebini 1958-nji ýylda, Moskwanyň P.Ý. Çaýkowski adyndaky Döwlet konserwatoriýasyny bolsa 1963-nji ýylda tamamlaýar. Ol gysga ömründe fortepiano üçin 40-dan gowrak eser döretdi. ''Şükür bagşy'', ''Aýgytly Ädim'', ''Magtymguly'', ''Keçpelek'', ''Serdar'', ''Japbaklar'', ''Kärizgenler'', ''Mukamyň syry'', ''Gaýgysyz Atabaýew'', ''Ynha kakam gaýdyp geler'' filmleriniň we ençeme multfilmleriň sazyny ýazdy.
Nury bilen Kinorežisýor Bulat Mansurowyň taryhy tanyşlygy netijesinde türkmen milli kino sungatynyň altyn gaznasyna giren ''Şükür bagşy'' filmi döredi. Alty Garlyýew hem ''Aýgytly ädim'' filmini surata düşürmäge girişende Nury Halmämmedow bilen ýakyndan işleýär. 1969-njy ýylda türkmen telewideniýesiniň ''Türkmentelefilm'' studiasynda režisÿor Öwlýaguly Kulyýew ''Keçpelek'' atly çeper filmi surata düşürmäge girişende saz ýazdyrmak üçin Nury Halmämmdowy göz öňüne tutdy. 1972-nji ýylda Alty Garlyýew mazmunynda aýal bagşynyň ykbaly ýatan ''Mukamyň syry'' atly filmi surata düşürmäge girişende hem onuň sazyny ýazdyrmak üçin Nuryny çagyrdy. Onuň bu filmler üçin döreden sazlarynyň ählisi şowly bolup çykdy. ''Keçpelek'' filminiň sazy bolsa Türkmenistanda 12-nji ýanwar, 9-njy maý, 6-njy oktýabr matam günlerinde ýaňlandyrylýan saza öwrüldi.
Ol özüniň ''Dutaryň owazy'' diýen fortepiano eseri üçin kompozitoryň Bütinsoýuz bäsleşiginde I derejeli diploma eýe boldy. Bu eser Türkmenistanyň ussat dutarçysy sazandasy Mylly Täçmyradowyň ýagty ýadygärligine bagş edilýär. Kompozitoryň gowy görýän şahyry Gurbannazar Ezizowdy. Nury: ''Gurbannazar ölen bolsa menem öldüm'' diýip onuň ölümine gaty erbet gynanjyny bildirýär. Ol Gurbannazar şahyr bilen ''Görogly'' eposynyň daşynda işleýärdiler. Şol epos barada Gurbannazar opera librettosyny ýazýardy. Nury hem sazyny ýazmakçydy. Nury şol isleri bilen gyzyklanyp döredijilik öyüne gidipdi. Şol wagtlar hem G. Ezizowyñ öldi habaryny eşidip Gurbannazary ýitirenine hem-de özünin ömürlik ýalňyz galanyna aglayar.
Waka şeýle bolup geçipdir. Bir gün otagynda gözüni potologa dikip beýnisindäku pianinoda Göroglynyň aýdymyny çalyp ýatyrka, telefona çagyrdylar: ''Gijäniň bir wagty kim jaň edýärkä?'' diýip telefony alsa:
Bir ýigit gamgyn sesli gürläp ugraýar:
ㅡ Nury Halmämmedow salowmaleýkim! Men Moskwadan jaň edýän, size Aşgabatdan jaň edip bilmänsoňlar, maňa bir habary aýt diýdiler...
Jaň edýän kişi gepläp bilmän dymdy.
Nury:
ㅡ Alo, Alo!?'' - diýip habaryň aýdylmagyna garaşdy ㅡ Alo men diňleýän eşidýämiň?
ㅡ Nury Halmämmedow neme...men... bagyşlaň nädip aýtjagymy bilemok, neme... Gurbannazar Ezizow atylypdyr. Ertir jaýlaýarlar.
ㅡ Ýalandyr. Nury hopugyp demi ýetmänsoň, sag elini bogazyna ýetirdi.
Soň telefony goýdy. Ylgap daşary çykdy, ýene öýe girdi. Birine jaň etjek boldy, bolmady. Dodagyny çeýneşdirip öý içinde eýlä-beýlä ýöredi. Ahyry öz öýüne girensoň gözýaşlaryny akdyryp ýüzüni ýassyga basyp, edil çaga ýaly horkuldap aglamaga başlady. Soňra ýatyp galdy.
Ertesi gün daňdanlar düýş gördi.Gurbannazaryň jesedini egnine alyp haýdaşyp barýarlar. Olaryň arasynda Nury hem bar. Gurbannazaryň meýdi gabra salnanda Nury hem gabra girýärde Gurbannazaryň meýdiniň ýanynda süýnýär: - ''Gurbannazar ölen bolsa menem öldüm'' - diýýär.
Nury irden oýanyp aýak üstünde dursa-da ruhy taýdan ölenligini we hiç mahal direlmejegini bilýärdi.



Taýýarlan: Peşeñ ogly Afrasyýap

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir