Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy günsaýyn belende galýar, ata-babalarymyzyň köňüllerinde besläp gelen arzuw-umytlary sözüň hakyky manysynda amala aşyrylýar. Ýakyn-alysdaky ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär we täze belent derejelere çykarylýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistan-rowaçlygyň Watany» ýylynyň batly gadamlaryny döwletimiziň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyňlygy bilen görmek bolýar.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen biziň ýurdumyzyň ähli künjeginde täze-täze edara binalary, ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalary tapgyrlaýyn ulanylmaga berilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Biz öz harby gullukçylarymyzyň durmuş şertlerini gyşarnyksyz gowulandyrarys. Sebäbi biziň raýatlarymyzyň parahat we rahat durmuşy köp babatda goşunyň göwnejaý ýagdaýyna baglydyr» - diýmek bilen, geljekde Watan goragçylarynyň göwnejaý ýaşaýyşy üçin ähli zerur bolan mümkinçilikleri döretjekdigini nygtaýar.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky tagallalary diňe bir möhüm başlangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, anyk we tutumly işleriň mysalynda durmuşa ornaşýar.
häzirki wagtda ýurdymyzyň Garaşsyzlygynyň 28-ýyllyk baýramynyň öňi syrasynda ýurdymyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler barada hoşhabarlar gelip gowuşýar. şeýle habarlaryň biri şu ýylyň 12-nji sentýarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky bu başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma eýe bolandygynyň subutnamasydyr. Bu hoş habardan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli harby gullukçylarynyň begenjiniň, buýsanjynyň çägi ýok. Çünki Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar diýlip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň parahatçylyk medeniýetini wagyz etmek boýunça tagallalary we işleri işjeňleşdirmäge çagyrýar.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy günsaýyn belende galýar, ata-babalarymyzyň köňüllerinde besläp gelen arzuw-umytlary sözüň hakyky manysynda amala aşyrylýar. Ýakyn-alysdaky ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär we täze belent derejelere çykarylýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistan-rowaçlygyň Watany» ýylynyň batly gadamlaryny döwletimiziň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyňlygy bilen görmek bolýar.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen biziň ýurdumyzyň ähli künjeginde täze-täze edara binalary, ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalary tapgyrlaýyn ulanylmaga berilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Biz öz harby gullukçylarymyzyň durmuş şertlerini gyşarnyksyz gowulandyrarys. Sebäbi biziň raýatlarymyzyň parahat we rahat durmuşy köp babatda goşunyň göwnejaý ýagdaýyna baglydyr» - diýmek bilen, geljekde Watan goragçylarynyň göwnejaý ýaşaýyşy üçin ähli zerur bolan mümkinçilikleri döretjekdigini nygtaýar.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky tagallalary diňe bir möhüm başlangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, anyk we tutumly işleriň mysalynda durmuşa ornaşýar.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir