Bir gyz meşhur tikinçä köýnek tikdirmek isläpdir. Çünki ol adam mydama tikinlerini öz ynsaby boýunça bahalaýardy. Hakykatda bolsa bu gyz tikinçiniň tikin bahasyny özüçe gaty gymmat görýärdi. Şonuň üçin hem ol tikinçiňkä barandan ilki bilen bahasyny gürleşýär:
- Siz öz köýnekleriňize örän gymmat nyrh kesýäňiz – diýip gyz öz närazylygyny bildiripdir.
- Dogrudanam? Menä beýle hasap edemok.
- Onda-da nähili gymmat! Özüňiz hasaplap görüň-maňa köýnek tikjek bolsaňyz 2 metrden az mata çykmaz, dogrumy?
- Dogry – diýip tikinçi ylalaşypdyr.
- Ine şeýle, eger matanyň bahasyna tikmeli sapaklaryň, iňňeleriň, hatda gaýçynyň bahalaryny goşaňda-da köýnegiň tikiminiň bahasy iki esse arzan bolar. Şol sebäpden hem men size tikimiň ýarty bahasyny tölejek.
Tikinçi biraz dymyp durupdyr, soň hem şeýle jogap beripdir:
- Ýaşajyk hanym bolýar, sen meni iňkise goýduň. Eger talap edýän bolsaň senden ýarty bahany alaýaryn.
- Hawa men talap edýän – diýip gyz jogap beripdir.
- Onda gürleşdik. Häzir men senden gerekli ölçegleri alaryn, Nesip bolsa, bir hepdeden köýnegiňi göni öýňüze ugradaryn – diýip tikinçi gyzy arkaýyn edip öýüne ugradypdyr.
Bir hepdeläp gyz öz joralarynyň ýanynda köýnegi barada, itiň mugduna tikdirjekdigi barada öwnüp gezipdir. Bellenen wagtda hemmeler gyzyň öýüne ýygnanypdyrlar. Bir hepdeläp tarypy ýetirilen köýnekli guty hem gelipdir. Gyz gutynyň daňysyny şowhun bilen açdy. Görseler içinde 2 metr mata, birnäçe sapaklar, iňňe we gaýçy bar eken.
Gahardan ýaňa gyz tikinçiňkä nädip baranyny hem bilmändir:
- Siz nädip meni aldap bildiňiz – diýip gele-gelmäne gyz tikinçiň üstüne gygyrdy.
- Bu ýerde hiç hili aldaw, hile ýok – diýip tikinçi görgüli kellesini çaýkady – men guta seniň sanan zatlaryňy saldym. Eger-de onuň içinde ýetmeýän zatlar bar bolsa, onda sen olar üçin tölemegi ýadyndan çykaranasyň.
Bu ýerde aýdyljak bolýan zat, hiç haçan adamyň zähmetine pes baha bermäň, kem garamaň. Ýekeje köýnekdir welin tikinçiniň şony gowy çykarmak üçin edýän aladalaryny hiç zat bilen deňär ýaly däldir!

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir