Ýaranlar

Kim bilse Resulyñ dört arkasyny
Doga kylsa sogap boldy ýaranlar.
Soñra bilse öz ýedi arkasyny,
Musulmana sogap boldy ýaranlar.

Abdylminafyñ ogly Haşym bolup,
Haşymyñ ogludyr Abdylmuttalyp,
Abdylmuttalypdan Abdylla gelip,
Resula dört arka boldy ýaranlar.

Dogan Ebutalyp, Hemze, Abdylla,
Abdylmuttalyba beripdir Alla,
Hezret Aly, Hemze bolup din ýolda,
Din ýolunda gurban boldy ýaranlar.

Ebu Talyp Abdylmuttalyp ogly,
Ebutalyp ogly hezreti Aly,
Düldüli astynda, kuwwatly goly,
Aly Allañ şiri boldy ýaranlar.

Owwal resulakka söwdegär boldy,
Kyrk ýaşda Hak ony pygamber kyldy,
Altmyş üç ýaşynda kazasy doldy,
Hümmet gysga dessan kyldy ýaranlar.

Hümmet Hekim

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir