Bolupdy öñ, häzir hem bar,
Balam, dostuñ üç görnüşi.
Akylyñ hem paýhasyñ bar
Işletgin, bu gara başy.

Biri dosty zadyñ aşyñ,
Ýene biri galam gaşyñ,
Üçünjisi hakykydyr
Dostudyr señ gara başyñ.

Ilki päklik gerek saña,
Dostuñ hem düşünse şoña,
Ýagşy hem-de kyn günüñde
Hiç bir işiñ galmaz soña.

Gojadan soran, bir oglan,
Dost ýagşymy ýa-da dogan,
Goja pikirlenip diýen
Ýagşydyr dost, bolsa dogan.

Ýagşy, dost bolaýsa dogan,
Ýene dostuñ bolsa dogan,
Beýle bagt hemmä ýetdirmez
Sen dünýede, bagtly dogan.



Hümmet Hekim

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir