Türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky tutluşygy dekabrda bolar

ACA-nyň (Absolute Championship Akhmat) çempiony, türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymradowyň nobatdaky garşydaşy we tutluşygynyň wagty, ýeri belli boldy. Biziň ildeşimiz 14-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ýerli türgen Alekseý Butorin bilen tutluşar.

Ildeşimiziň indiki garşydaşy kim? Ol Russiýanyň iň güýçli we meşhur MMA pälwanlarynyň biri. Sankt-Peterburgda doglan 33 ýaşly pälwan çagalykda sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullandy. Olaryň arasynda sportuň karate, taý boksy ýaly görnüşleri hem bar. Häzir ol «Aleksandr» klubynda türgenleşýär.

Başa-başa göreş boýunça karýerasyna 2009-njy ýylda başlan türgen 18 sany esasy tutluşygyň birinde hem ýeňilmedi.

Döwletjan Ýagşymyradowy nobatdaky garşydaşy bilen deňeşdirmek üçin käbir maglumatlar:

Döwletjan Ýagşymyradow

Ýaşy: 30

Boýy: 180 santimetr

Netijesi: 17 ýeňiş, 5 deňlik, 1 utulyş

Wagtyndan ozal ýeňiş: 15

Ýeňişli tapgyry: 7 tutluşyk



Alekseý Butorin

Ýaşy: 33

Boýy: 182 santimetr

Netijesi: 15 ýeňiş, 3 deňlik, 0 utulyş

Wagtyndan ozal ýeňiş: 15

Ýeňişli tapgyry: 3 tutluşyk.

Sport, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir