Gowy geçirilen gün nähili gowy uky bilen tamamlanýan bolsa, gowy geçirilen ömür hem ajaýyp ölüm bilen tamamlanar.

* * *

Ömürboýy ýaltalyk bilen geçdik, käşgä ene-atalarmyza ýalta bolmasadyk...

* * *

Durmuşy düýş ýaly ýalan-ýaşryk diýip kabul etmezligmiziñ sebäbi öwrenşenligimizdedir.

* * *

Haýsy kömür günlerde bir gün almaz boljagyny öñinden bilip-biler?!.

* * *

Müñlerçe ýaşaýyş görnişlerinden diñe birinde ýaşap bolar. Başgalarynyñ şatlygyna höwes etmek akmaklykdyr. Sebäbi ony nähili ulanmalydygymyzy bilip-bilmeris.
Şatlyk taýýar däl, sargytdyr.

* * *

Kiçiligimden adamlary haýwanlara meñzetmek häsiýetim bar. Meselem: Kimleriñ ýüzi garlawajy, kimleriñ ýüzi goýuny, tilkini, möjegi ýatladýar. Her kimiñem meñzeýän haýwanyna görä häsiýeti bolýar. Onsañ bir goýuna:  "Sen näme üçin beýle ýuwaş?"  ýa-da bir tilkä: "Näme üçin  sen beýle hokgabaz?" diýip bolarmy?!.

Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir