Bize iň gowy pelsepeleri bagyş edýän durmuşyň hut özi.
Köpüň içinde sylanýan adam köpçülik tarapyndan synlanýandyram.
Ýaýdanjaň, ýöwsel adamyň gözüne kiçeňräk depe­de belent dag ýaly bolup görünýär.
Güýçli öwüsýän şemal ösüp oturan agaçlary öz sesine ses goşmaga mejbur edýär.
Zehinleriň wagtynda göze ilmezligi olaryň kör zehinligini aňlatmaýar.
Galamyň ykbaly adamyň ony haýsy maksat bilen eline alýandygyna bagly.
Oýlanyşyksyz başlanan işiň netijesi, köplenç, el­-aýaklarymyzyň, aňymyzyň, ýüregimiziň ejir çekmesi bilen tamamlanýar.
Şem töweregini ýagtyltsa­da, öz düýbüne asla ýagtylyk bermeýär.
Gündelik görýän zatlaryny dogry özleşdirip, ýaşaýşyna ornaşdyryp bilýän adamlar üçin durmuş özboluşly uniwersitetdir.
Umman tolkunlary, dogumyna bäs gelip bilmän, möwç bilen özlerini dagyň belent, kert gaýalaryna urup pytran soňlar, biraz köşeşýärler.
Her bir ýagdaýdakaň hem, adamçylygyňy ýitirme, çünki islendik ýitirilen zadyň soň tapylmasy kyn bolýar.
Durna, sülgün ýaly guşlar­a özüniň uzlugy, gargalar bolsa sanynyň juda känligi bilen bada­bat gözüňe ilýär

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir