Köýtendagdaky “Akjar” ýerasty köli öwrenilmäge mynasyp
Bu köl Köýtendagyň gerşiniň günorta ýapgydynyň “Akjar” diýen ýerinde ýerleşip, ýeriň üsti tegelek görnüşde aşak çökendir. Onuň çuňlugy 25-30 metr töweregi. Çöketligiň günorta tarapynda ýene-de aşak girip gidilýän gowak bar. Gowakda kepderiler, ýarganatlar we beýleki birtopar guşlar ýaşaýarlar. Gowagyň agzy uly bolup, uzynlygy 20, ini 15 metr töweregi, beýikligi bolsa 5-6 metrden 30 metre çenli. Gowaga girilýän ýerde ýokarky angidrit gatlakdan gaçan daşlar pytraşyp ýatyr. Olar ýöremäge päsgelçilik döredýärler. Atmosfera ygallarynyň köp düşen ýyllary onuň içindäki kölüň suwy gowagyň agzyna üýşýär.

Bäherdendäki Kowata ýerasty kölüniň meýdanynyň 230 inedördül metr. Uzynlygy 100 metr gowrak, ini 60-70 metr töweregi kölüň umumy meýdanynyň bir gektara golaý boljakdygy görnüp dur. Bu köl Türkmenistanda meýdany boýunça iň ulusy.

Ylmy barlaglaryň netijeleri, ylmy açyşlar, gözlegler barada 1964-nji ýyldan bäri Russiýanyň Moskwa şäherinde her ýyl kitap görnüşinde çap edilýän «Ewrika» diýen ýyllyk makalalar ýygyndysynyň 1990-njy ýyldaky sanynda, dünýädäki iň uly ýerasty kölüň Afrikanyň Namibiýa diýen ýurdundadygy barada makala çap edilipdir. Makalada onuň 59 metr ýeriň aşagynda ýerleşýändigi, meýdanynyň 1,9 gektara ýetýändigi, çuňlugynyň 200 metr töweregidigi, suwunyň örän durudygy hem-de + 24 gradus maýyldygy hakynda aýdylýar. Mundan başga-da bu kölüň meýdanynyň şu wagta çenli dünýäde iň uly ýerasty köl hasaplanyp gelnen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Lost-Leýk kölünden 0,1 gektar uludygy barada nygtalýar. Eger biz “Akjar” ýerasty kölüniň meýdanyny ortaça 1 gektara deň diýip alanymyzda hem, onda ol diňe bir Merkezi Aziýa ýurtlarynda däl, eýsem, GDA döwletleriniň arasynda hem iň ulusy bolar.

Çişirilýän rezin gaýyk bilen kölüň aňry çetlerine çenli ýüzüp barylýar. Köl ýerasty tektoniki jaýryklar arkaly aňyrlygyna ýene-de dowam edýär. Ýöne onuň umumy meýdanyny doly kesgitlemek heniz başardanok. Eger ony doly kesgitläp bolsa, onda onuň Watanymyzyň bütindünýä şöhratyny ýene bir gez beýgeltmegi mümkin.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir