Ogluna gargan ene Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady... Onuň ady Enedi. Näme üçin Allah oňa beýle ady beripdir bilemok. Adamsy ýogalyp bir ogul bir gyz bilen ýalňyz galjakdygy üçinmi? Ýa-da dünýede iň ajy ykbalyň ýene enäniň paýyna düşýäni üçinmi? Ýa-da ýöne dünýä inmezinden sähelçe gün öň ýanynda ýogalan enesiniň ady dakylany üçinmi? Bilmedim. Bilmeýänime-de şükür, bilsedim - ýüregim götermezdi, aklyma sygmazdy... Onuň ady Enedi. Ýeke gyzyny çykaransoň,oguljygyny on sekiz ýaşap-ýaşamanka öýeren enedi. Niçe ýyl ýalňyzlyga döz gelip, indem üç sany agtyjagyň arlygyny ýuwan enedi. Soňam ogluna gargan ene boldy. Onda-da ne gargyş - azary etinden geçip süňküne ornan enäniň gargyşy: “Sen ölsediň. Yzyňda gelniň başga birine äre gitsedi. Menem gelniň äre giden öýüne agtyjaklarymy görmäge barsadym” diýdi. Enäniň dilegi kabul boldy. Ertesi ogly özüni asdy. Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady... Ene onuň tabydynyň başynda perýat etdi. Il-gün welin, oba ulukjyn beren gerreçiniň ölenine kän bir gynanyp durmasa-da ony adam ýaly jaýlady. Ejesiniň gargyşyna namys eden ogul - ”Wah, ýeke balam, ýalňyz balam, kysmaty gara balam, men guraýyn” diýen nalyşyna dözüp tabytda ýatan ogul - men diýen ýaşynda bir tümmek guma öwrüldi galyberdi... Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady... Men muny ýazmazdym. Häzirem ýazamok. Ýalyny nädip kagyza dolajak. Bu kagyza ýazylan ýazgy bolsady, şol zäheri satyp baý bolýanlar muny äkidip syrtlaryny süpürerdiler. Emma ýalyn beýle işe ýaramaýar. Hawa, gelinem äre gitdi. Ene-de agtyjaklaryny görmäge äre giden gelniň öýüne, gurbady giden ädimleri bilen barýar. Ol köneje pürenjekli bir gysym bolup barşyna galoşynyň köçeleriň ürpek gumuna batýanynam, gözünden syrygýan ýaşam duýanok. Ölidiginem duýanok,diridiginem... Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady... Men aglamok. Gözümden ýaş damýan bolsa, ýaşymy ýandak bilen sylaryn. Goý, ýandak ýüzümi ýyrtsyn, gözüme çümüp kör etsin. Gözüm görmez, janym ýanmaz. Ýöne men aglap bilemok. Gözümden ýekeje damja-da ýaş damanok diýip ene içinden gürleýärdi Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir