-ADAM-

Adam gezse gezip ýör,
Aladasy döwüm nan.
Habary ýok ertirden,
Meýlis barmy ölüm bar.

Düýn görenim bu gün ýok,
Az ýaşaýar adamlar.
Bir-biregi bagyşlaň,
Göwnüňüze zat almaň!

Häzir başym aýlanýar,
Aýagym ýer tutanok.
Erbet aýlanýar başym,
Hiç maňzyma batanok.

Dünýe döndi köpüge,
Ýaşamagy taşladym.
Daşymdaky bar zady,
Goşa görüp başladym.

Ýer daşymdan aýlanýar,
Kelläm sarsýa döwülmän.
Adam gezse gezip ýör,
Aladasy döwüm nan.

Laçyngul Nazarowa

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir