Meni söýmeýäniñ bilýädim welin,
Ýöne söýýäniñem bilip bilemok.
Diýäýjek diýäýjek bolyar gözlerim,
Ýöne dilim bilen diyip bilemok.

Oñman bilemok gözleriñe bakman,
Gezip ýörün söýgiñ törùnden çykman.
Müñ goşgy döretdim gijeler ýatman,
Ýöne elim bilen berip bilemok.

Gijeler takatsyz garaşýan daña,
Beýnim soraglardan dönüpdir huma.
Bilýäñmi men señ yşkyñdan ýaña,
Meni söýýänlerem söýüp bilemok.

Seyitnazar Jumanyazow

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir