Abdylla

Abdylla Abdylmuttalibiñ sekizinji ogludy. Ol häsiýeti we syratlylygy bilen beýleki doganlaryndan has hem tapawutlanýardy. Ol dünýä inip-inmänkä, kakasynyñ alnynda ýalkym saçýan Muhammet Nury geçipdi. Bu nur onuñ ýüzüne aýratyn bir nuranalyk we mylaýymlyk çaýýardy. Emma hiç kim ondaky nuranalygyñ we mylaýymlygyñ nireden we näme üçin dörändigini bilmeýärdi.

Abdylmuttalibiñ ogullary bilen geñeşi

Abdylmuttalibiñ ogullarynyñ onusy-da ýetişipdi. Beren sözüni unutmaýan Abdylmuttalib bir gün olaryñ ählisini bir ýerde jemledi we bir wagtky beren wadasyny olara düşündirdi. Ogullaryñ ählisi hem ikirjiñlenmän, gurban bolmaga razy boldular. Soñra kakalaryndan: ''Bu işi nähili berjaý edeliñ? Kimiñ gurban edilmelidigini nähili anyklalyñ? diýip soradylar. Abdylmuttalib beýle ýagdaýlarda näme edilýändigini bilýärdi. Ol ogullaryna şeýle diýdi: ''Her biriñiz bir ok alyñ-da, ýüzüne öz adyñyzy ýazyñ we maña getirip beriñ!''
Edepli ogullar kakalarynyñ tabşyrygyny derhal ýerine ýetirdiler. Her birisi ýanyndan bir ok çykaryp, ýüzüne adyny ýazyp, kakasyna uzatdy. Oklary toplan Abdylmuttalib dogry Käbä bardy. Meseläniñ nähili çözüljegi indi mälimdi. Hübel butunyñ ýanynda oklaryñ biri çekiljek, kimiñ oky çyksa, ol hem gurban edilmelidi. Şeýle ýagdaýlarda Kureýşler bu usuly ulanýardylar.

Bije atylyşy

Käbäniñ ýanyna baran Abdylmuttalibiñ töweregi şäheriñ ilatyndan doludy. Ol Alla beren sözünden dänen adyny almazlyk üçin, elindäki on oky ok çekýän adama uzatdy. Oklaryñ haýsysy çyksa-da, Abdylmuttalibiñ ýüreginiñ bir tary üzüljekdi. Ok çekýän adam oklardan birini alyp, ýüzündäki ady titrewük sesi bilen oklady: ''Ab-dyl-la!''
Abdylmuttalib eşidenine ynanmak islemeýän ýaly, oky ol adamyñ elinden aldy, özi gaýtadan okady:
''Abdylla...''
Onuñ bokurdagy doldy, gözlerinden ýaş paýrap gitdi. Ýüregindäki söýgi we mähir duýgulary oña eýgertmedi. ''Ýok!'' diýip gygyrjak boldy. Emma Alla beren sözüni ýatlap, polat ýaly erkliligi bilen duýgularyna buýurdy. Ol näçe özüne erk etse-de, edil sütüni ýykylan ýaly näumyt, biçäre halda Käbeden öýüne tarap zordan ýöräp gaýtdy. Öýündäkiler oña garaşýardylar. Olaryñ hiçisiniñ bijäniñ netijesinden habary ýokdy. Öýüne giren Abdylmuttalibiñ nazary ýüzünde nury ýalkym saçýan ogly Abdyllada eglendi. Söýgi we mähir duýgulary täzeden möwjäp, özünden erki gidip, duýgy dünýäsine düşüp ugranyny duýan badyna, ol ýüzüni başga tarapa sowdy. Ogullaryny uzak iñkise goýasy gelmedi we bolan işi aýtdy: ''Oglum Abdylla! Alla özüne gurban edilmek üçin seni saýlady. Doganlaryñ arasynda bu abraýy saña berdi''.
Abdylmuttalibiñ maşgalasynyñ we içersiniñ ýüregini köze tutan bu habar, şol wagtyñ özünde Mekgäniñ köçelerine ýas baglatdy... Her kim gulaklarynyñ eşidenine ynanmaýan ýaly, biri-birinden gaýtalap-gaýtalap: ''Şol görmegeý, nurana oglan Abdylla gurban ediljekmi?'' diýip soraşýardylar.
Abdylmuttalib ýanýan ýüregine, umman tolkunlary ýaly möwjeýän söýgi we merhemet duýgularyna özüni aldyrman, ogly Abdyllanyñ goşaryndan tutdy. Ony Isaf we Naile butlarynyñ ýanyna tarap alyp ugrady. Ýüzi nurly Abdylla edil Hezreti Ysmaýyly ýatladyp durdy. Onuñ ýüzünde sähelçe-de närazylyk görnenokdy.
Abdylmuttalibiñ bir elinde pyçak, beýleki elinde ogly Abdyllanyñ goşarydy. Gurban edilmek üçin hemme zat taýýardy. Tutuş Kureýş ilaty bu betbagtlygyñ boljak ýerine gelýärdi. Olaryñ içinden biri seslendi:
ㅡ Eý, Abdylmuttalib! Näme etjek bolýarsyñ? Abdylmuttalib ýüzünden nur saçýan ogluna garap: ㅡ Şuny gurban etmek isleýärin - diýdi. Bu jogaby eşiden halk ýene-de bir gezek haýran galmakdan we tolgunmakdan ýaña tolkun atyp gitdi. Muña her kim garşy çykdy.
''Eý Abdylmuttalib! Bu nähili bolýar? Sen Mekgäniñ ýaşulysy. Eger sen şeýtseñ, her kes seniñ edeniñi etmek islemezmi? Her kim saña öýkünip, ogluny gurban edip başlasa, onda neslimiz ýitip gitmezmi..?
Ähli ilat Abdylmuttalibe diñe duýgy taýdan-da garşydy. Onuñ tarapynda ýekeje zat ㅡ ol hem onuñ beren sözüne polat ýaly berkligidi. Ol Alla wada edipdi we wadasynda-da tapylaýmalydy. Çünki Alla onuñ islegini kanagatlandyrypdy. Oña on ogul bagyşlapdy. Wada edeninden soñ wadañda durmazlyk ㅡ olaryñ birini gurban bermezlik ㅡ Allanyñ öñünde lebziñi ýuwutmak bolýardy...
Abdyllanyñ daýysy Abylla b. Mugire orta çykdy we: ㅡ Eý, Abdylla! Walla, makul bir sebäp bolmasa, sen ont gurban edip bilmersiñ. Ony halas etmek üçin, gerek bolsa, bütin maly-mülkümizi bermäge taýýar!
Abdylmuttalibiñ ýürek duýgulary, söýgüsi, merhemeti-de birleşip, ony bu işden el çekdirjek bolýardy. Emma onuñ polat ygrarlylygy gowşamaýardy.
Kureýşler we Abdylmuttalibiñ ogullary ýalbarmadan netije ýokdugyna gözleri ýetensoñ, başga bir teklibi orta atdylar: ''Eý, Abdylmuttalib! Abdyllany al-da Damaska git! Ol ýerde palçy hem bilgiç bir aýal bar. Ýeriñ dört künjeginden kyn güne düşen her kim ýurt aşyp, şonuñ ýanyna barýar. Ol her kimiñ derdiniñ alajyny tapýar. Elbetde, seniñ üçin hem bir çäre salgy berer. Eger, Abdylla gurban edilmeli diýse, gel-de gurban et. Ýok, eger seni-de, Abdyllany-da, bizi-de bu gynandyryjy işden halas edip biljek, bir çäre aýtsa, şoña görä bolarsyñ'' (19).
Bu pikir Abdylmuttalibiñ göwnüne makul göründi. Ol haýal etmän Abdyllany ýanyna alyp, Damaska sary ýola rowana boldy. Olar Medinä gelip, palçy aýalyñ Haýberdedigini anykladylar we Medineden Haýbere gitdiler. Şol ýerden hem Arrafe diýilýän palçy aýaly tapdylar. Abdylmuttalib ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly düşündirdi. Aýal:
ㅡ Sizde bir ynsanyñ huny näçedir? diýip sorady. Abdylmuttalib: ''On düýe'' diýip jogap berdi. Palçy aýal:
Gidiñ, on düýäni häzir ediñ. Oglan bilen düýeleri alyp, ok çeken ýeriñize baryñ. Bir tarapda ogluñyzy, bir tarapda düýeleri goýup, ýene ok çekiñ. Eger ok düýelere çyksa, oglanyñ ýerine düýeleri gurban beriñ. Ýok, eger ok oglana çyksa, her gezek düýeleriñ üstüne ýene on sanysyny goýup, Rebbiñiz sizden razy bolýança, oklary çekmegi dowam ediñ. Şeýtseñiz hem Rebbiñizi razy edersiñiz, hem-de ogluñyz aman galar'' diýdi (20).
Bu tapylan çäre ýüregine jüñk bolan Abdylmuttalib begenjinden uçaýjak bolýardy. Ol wagt ýitirmän, Mekgä dolanyp geldi. Abdylmuttalibiñ maşgalasy we Mekgäniñ halky bu habara çensiz begendiler.

Bijäniñ netijesi

Abdylmuttalib Mekgä gaýdyp gelen gününiñ ertesi ogly Abdyllany we on düýäni alyp Käbä bardy. Palçy aýalyñ maslahatyna görä, Abdylla bilen on düýäniñ arasynda bije atyljakdy. Abdylmuttalib begenç bilen ok çekýäne ''Çek'' diýdi. Çekilen ok Abdylla çykdy. Düýeleriñ sanyny ýigrimä ýetirdiler. Ýene ok çekildi, ýene Abdylla çykdy. Düýeleriñ sanyny otuza çenli artdyrdylar. Emma ok ýene-de Abdylla çykdy. Düýeleriñ sany kyrk boldy. Ok ýene Abdylla çykdy. Ellä ýetdi. Ok bolsa diñe Abdylla çykýardy. San altmyş, ýetmiş, segsen, togsan düýä bardy. Ok welin, edil gaýry älemden buýruk gelýän ýaly, Abdyllany görkezip durdy. Abdylmuttalib bu bolýan işe hem haýran galýardy, hem tolgunýardy. Her gezek ok çekilende, ellerini göge tutup doga edýärdi. Ahyry düýeleriñ sany ýüze ýetdi. Täzeden ok çekilende, keseden seredip duran halk uludan bir dem aldy. Ok ahyry düýelere çykypdy... Hemmeleriñki ýaly, Abdylmuttalibiñ hem göwni begenje gaplandy. Emma onuñ bu begenji uzaga çekmedi. Ol derhal çynlakaý bir görnüşe girdi. Töweregindäkileriñ özüni gutlamagyna üns bermän:
Walla, yzly-yzyna ýene üç gezek ok çekjek, tä ýüregim ynjalýança!'' diýdi. Ok çekmek üç ýola gaýtalandy. Her gezekde-de onuñ begenji artýardy. Çünki ok üç gezekde-de yzly-yzyna ýene düýelere çykypdy. Abdylmuttalib ''Allahu ekber! Allahu Ekber!'' diýip, bu şatlygyny daşyna çykardy we dyzyna çöküp doga etdi. Şeýlelik bilen, Abdylla gurban edilmekden halas boldy. Söýgüli oglunyñ gurban edilmän, aman galanyna çensiz begenen Abdylmuttalib ýüz düýäniñ Safa bilen Merwe arasyna äkidilip, ýeke-ýeke gurban edilmegini buýurdy. Buýruk derhal berjaý edildi. Gurban edilen düýeleriñ etleri Mekgäniñ ilatyna bol-elin ýetdi. Artyp galanlaryny-da gurtlar, guşlar, ýyrtyjy we beýleki haýwanlar paýlaşdylar. Şol günden soñra bir adamyñ huny Kureýşler we Araplaryñ arasynda ýüz düýe diýlip kabul edilmäge başlady. Soña-baka bu adata öwrüldi(21). Pygamberimiz hem bu adaty üýtgetmändir(22).

Hezreti Abdyllanyñ päkligi

Şol gündi...
Her kim bijäniñ netijesinden razy, yzyna gaýdyp gelýärdi. Käbäniñ deñinden geçiberenlerinde, kakasyndan yza galan Abdyllanyñ öñüni bir aýal bekledi. Bu aýal Abdyllanyñ dillere dessan görmegeýligine haýran galýanlaryñ biri Waraka b. Nefweliñ uýasy Rukiýýedi. Ol hem dogany Waraka ýaly gadymy, mukaddes kitaplary okan zenandy. Ol kitaplaryndan ahyrzamanda geljek Pygamberiñ sypatlaryny okap öwrenipdi... Onuñ içki dünýäsi Abdyllanyñ ýüzünde hiç bir adamda duş gelmeýän aýratyn bir ýalkymy görende muny şol sypatlar bilen baglanyşdyrdy. Bu ýalkyma şärik bolmak mümkinçiligini başga birine gidermezlik üçin buýsanjyny we namysyny unudyp, Abdyllanyñ ýanyna ýakyn geldi. Pyşyrdady:
ㅡ Ýaş ýigit, biraz dursana!
Abdylla durdy.
Aýal:
ㅡ Nirä barýañ? diýip sorady. Ýüzündäki nuruñ päkligine gurşalan Abdylla:
ㅡ Kakam bilen gidip barýaryn - diýip jogap berdi. Aýal Abdyllanyñ bu türkana jogabyna kän bir üns hem bermän asyl maksadyny aýtdy:
ㅡ Abdylla, sen maña öýlenermisiñ?''
Abdyllanyñ ýüzi şol bada çym-gyzyl boldy. Ol boý ýigitligini elinden aljak bu teklibi halaman, ýoluny dowam etmek isledi. Emma Rukiýýäniñ ony elinden gideresi gelmeýärdi.
Ol Abdyllany göwnetmek üçin başga şert teklip etdi:
ㅡ Eger maña öýlenmäge razy bolsañ, seniñ üçin gurban edilen düýelerçe düýelerim bar, olaryñ hemmesini saña bereýin!'' Abdylla başyñy aýlaýjak bu teklibi hem kabul etmedi we päkligini görkezýän şu jogaby berdi:
ㅡ Haram şeýle bir ajydyr, özümiñ ajysy hem onuñ ýanynda ejiz görner. Halal bolsa şonça süýjüdir. Eý, aýal! Sen gowusy halaly gözle. Ary-namysy bolanlar namyslaryny we dinlerini gaýym gorarlar. Olar namyssyzlygyñ çala ýokundysy bolsa-da, ol işe neneñ höweslenip, niçik het edip bilerler? (23)
Ol bu gutarnykly jogabyndan soñra, Rukiýýäniñ gynanç we geñ galmak bilen seredýän nazarynyñ öñünde ýoluny dowam etdi.
Birnäçe wagt geçenden soñ, öýli-işikli bolan Hezreti Abdylla şol aýala Mekgäniñ köçelerinde ýene bir gezek pete-pet gabat geldi. Emma ol büs-bütin üýtgäpdi. Öñküsi ýaly däldi. Öñki hereketlerini hem edenokdy. Abdylla munuñ sebäbini sorady.
Rukiýýe:
ㅡ Ol gün alnyñda bir nur ýalkym saçýardy. Ol nuruñ öñünde özümden geçdim. Emma häzir sende ol nury görmeýärin ㅡ diýip jogap berdi.
Hawa, ýalkym saçýan ol nur indi Hezreti Abdyllada ýokdy. Çünki, ol Älemleriñ Serwerine hamyla bolan Hezreti Eminä geçipdi.
Aslynda Hezreti Abdylla aşyk bolan diñe ol aýal däldi. Bet häsiýetlerden daş, arassa we gowy häsiýetler bilen bezelen bu ýaş ýigide Kureýşleñ ähli gyzlarynyñ gözi gidipdi. Emma ýüzündäki ýalkymyñ syryna akyl ýetirmän, Hak tagalanyñ oña ahyrzaman Pygamberiniñ kakasy bolmak ýaly beýik abraý bagyş edenini añman, aşyk bolupdyr.


Hezreti Abdyllanyñ Hezreti Eminä öýlenmegi

Hz. Abdylla gün geçdigi saýyn ulalýardy, ösýärdi. Ulaldygyça-da ýigitlik joşguny dolup daşýardy. Emma ol ýürek joşuna üns bermän, namysyny arassa saklaýardy. Örän eý gören oglunyñ ýigit çykanyny duýan Abdylmuttalib ony bagtly maşgalanyñ eýesi etmek isleýärdi. Oña ähli tarapdan taý bir gyz maşgala tapmalydy. Abdylmuttalibiñ gözlegi uzaga çekmedi. Ol Beni Zuhre tiresiniñ baştutany Wehb b. Abdimenafyñ ýanyna gidip, gyzy Eminäni ogly Abdylla üçin diledi. Wehb bu teklibi uly razyçylyk bilen iki elläp kabul etdi. Soñra-da şeýle diýdi:
ㅡ Eý, doganoglanym! Biz teklibi sizden öñräk aldyk. Eminäniñ ejesi ýakynda bir düýş gördi. Aýdyşyna görä öýümize bir nur giripdir, ýagtysy ýerleri we gökleri ýagtyldypdyr. Men hem şu gün düýşümde atamyz Ybraýymy (aleýhissalam) gördüm. Maña ''Abdylmuttalibiñ ogly Abdylla bilen gyzyñ Eminäniñ nikalaryny men gyýdym, sen hem ony kabul et - diýdi. Ir ertirden bäri bu düýşüñ täsirinden çykyp bilmän, Nä wagt gelerlerkä? - diýip içimi gepledip otyrdym.
Bu sözleri eşiden Abdylmuttalibiñ begenjinden: ''Allahu Ekber! Allahu Ekber! Allahu Ekber!'' diýip tekbir getirdi.
Wehbiñ gyzy Emine hem owadanlykda, hüý-häsiýetinde, ýerlikliliginde Kureýş gyzlarynyñ arasynda iñ naýbaşysydy. Hemme tarapdan Abdylla taýdy. Şol wagtlar ol on dört, Abdylla bolsa ýigrimi dört ýaşlaryndady.
Sähel wagtdan toý edildi we Älemleriñ Serwerini dünýä indirjek bagtyýar maşgala guruldy (24).


Hezreti Abdyllanyñ ölümi

Durmuş guranlaryndan ýañy sanaýmaly hepde geçipdi. Köplere aýdyñ bildiren geñ bir ýagdaý boldy. Hz. Abdyllanyñ ýüzündäki nur Hezreti Eminede ýalkym saçmaga başlady. Diýmek, Hezreti Emine Älemleriñ Serwerine hamyla bolupdy. Gelniniñ hamylalygynyñ ilkinji aýlarynda Hz. Abdylla söwda kerwenine goşulyp Siriýa gitdi...
Onuñ şol gidişi-gidişi boldy. Hz. Abdylla gaýdyp Mekgä gelmedi. Birnäçe aýdan dolanyp gelen kerwende Hezreti Abdyllanyñ ýerine onuñ ajy habary bardy. Hz. Abdylla söwda ýolagçylygyndan yzyna gelýärkä, Medinede keselläpdi we ony şol ýerde ýaşaýan daýylarynda goýup gaýdypdylar. Bu habary alan Abdylmuttalib derhal ogly Harisi Medinä ugratdy. Haris Medinä barynça, boljak iş bolupdy. Hz. Abdylla Älemleriñ Serweri ㅡ oglunyñ didaryny ýekeje gezegem görüp bilmän bakyýete göçüpdi we ol ýerde Adiýý b. Nejjar ogullaryndan Nabiganyñ öýüniñ ýanyndaky bagyñ içinde depin edilipdi.
Haris bu ajy habary Mekgä getirdi. Mekge ýas baglady. Ýaşmy sen, ýa garry, ulumy sen ýa kiçi, hiç hili parh goýmaýan ajalyñ Abdyllany diýen wagtynda, duýdansyz penjesine salmagy Abdylmuttalibiñ maşgalasyny çuññur gynandyrdy. Mekgäniñ ilaty hem gözýaşlary bilen olaryñ gynanjyny paýlaşdy. Heniz ýaş gelin Hezreti Eminäniñ halyny ýazyp-diýip beýan eder ýaly däldi. Ol bu ajy habary eşiden gününden bir şem kimin eräp başlady. Uzak günlerini gözýaşlaryny saklap bilmän geçirdi. Aglady... Aglady... Ol aglaýarka, getirjek nury bilen ähli ynsanyýetiñ gözýaşlaryny syljak we agylaryny diñdirjek Ynsanyñ dünýä inmegine bary-ýogy iki aý galypdy. Hz. Emine bu abraýçylykdan çeken pyganyny gözýaşlaryny döke-döke ýazan goşgusynda şeýle beýan edýär:
ㅡ Indi Mekgäniñ Betha şahasy Haşym ogullaryndan boş galdy. Mekge Haşym ogullarynyñ şanyndan mahrumdyr indi.
Ölümiñ çakylygy bilen öýünden ördi we kepene dolanyp mazara girdi.
Ölüm ýer ýüzünde ýyllarça aýlansa-da, ynsanlar arasyndan Haşym ogly ýaly bir ýigit tapyp, gowuzlygyny dolduryp bilmez.
Dostlary onuñ tabydyny götermek üçin ylgadylar, ony elden-ele alyp göterdiler.
Etjek alajyñ ýok, ajal garaşylmadyk wagt ony girdabyna saldy. Ol bolsa nähili görmegeý, nähili görmegeý, nähili jomart we nähili merhemetlidi!'' (25)


Peýdalanylan edebiýatlar:

19 Ibni Hişam, Sire, t-1 sah-162. Taberi, Taryh t-2 sah-174.
20. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah-162. Taberi, Taryh t-2 sah. 163 we 174.
21. Ibn Hişam, Sire, t-1 sah 164. Ibn Sad Tabakat t-1, sah-88. Taberi, Taryh t-2, sah-174.
22. Ibni Sad Tabakat t-1 sah-89.
23. Ibn Hişam, Sire, t-1 sah-164. Ibn Sad Tabakat, t-1, sah-95-96.
24. Ibn Hişam, Sire, t-1, sah-167. Ibni Sad Tabakat, t-1, sah-94.
25. Ibni Sad Tabakat. t-1, sah-100.

Salyh Suruç ''Älemleriñ Serweri Pygamberimiziñ Ömri''

Terjime edenler: Hydyr Amangeldi, Nedim Polat, Baky Annadurdyýew.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir