Resuly Kerim Serwerimiziñ (Muhammet aleýhissalamyñ) Päk şejeresi

Alla tagala ähli ynsanlygyñ atasy Hezreti Adamy ýaradypdy. Başyny galdyryp bakan Adam (aleýhissalam) Arşy aglada ägirt bir NUR bilen bir adyñ ýazylanyny gördi ''Ahmet''
Haýran galyp sorady:
ㅡ Ýa Rebbi, bu nur nämedir?''
Allatagala buýurdy:
ㅡ Bu seniñ nesliñden bir pygamberiñ nurudyr. Onuñ ady göklerde ''AHMET'' we ýerde ''MUHAMMETDIR''.
Eger ol bolmasady, seni ýaratmazdym!(1)
Imanymyz bilen kabul eden bu beýik hakykatymyzy milliardlarça ýyl soñra gelen o Nuruñ eýesi-de doly aýdyñlygy bilen düşündiripdir.
Bir gün sahabalardan biri Abdylla bin Jabir (raziýallahu anh):
ㅡ Ýa Resulalla, Allanyñ hemme zatdan öñ ýaradan zady nämedir, aýdarmyñ?
Şu jogaby berdiler:
ㅡ Hemme zatdan öñ seniñ Pygamberiñ nuruny öz nurundan ýaratdy. Nur, Allanyñ gudraty bilen isleýşi ýaly gezerdi. O wagt ne lewk, ne galam, ne jennet, ne jähennem, ne perişde, ne gök, ne ýer, ne Gün, ne Aý, ne ynsan, ne-de bir jyn bardy(2).
Ägirt älemleri tutuşlygyna ýagtyldan nur, soñra, ilki bilen, Hezreti Adamyñ alnynda ýalkym saçdy. Soñra pygamberden pygambere geçip, Ybraýym (aleýhissalam) çenli geldi. Ondan hem ogly Hezreti Ysmaýyla geçdi.
Pygamberiñ atasy hasaplanan Hezreti Ybraýymyñ iki ogly bardy: Yshak we Ysmaýyl (aleýhissalam). Ogly Yshagyñ neslinden birnäçe pygamberiñ geljegini Allatagala oña bildiripdi. Emma has eý göreni Hajardan dünýä inen ogly Ysmaýylyñ (aleýhissalam) neslinden pygamberiñ gelip-gelmejegi belli däldi.
Şol bir wagtda ol Ahyrzamanda beýik bir pygamberiñ geljegini-de bilýärdi. Şonuñ üçin hem iñ soñky pygamberiñ söwer ogly Ysmaýylyñ neslinden gelmegini arzuw edýärdi. Hezreti Adam atanyñ dikelden ýer ýüzüniñ ilkinji ybadathanasy Käbe uzak wagtyñ geçmegi bilen ýykylyp düp-düz bolupdy. Hezreti Ybraýym bu mukaddes öýüñ täzeden gurulmagy üçin, Allatagaladan buýruk aldy we derhal ogly Ysmaýyl bilen gurluşyga başlady.
Käbe gurlup gutarandan soñra, ataly ogul ellerini göge uzadyp şeýle dileg etdiler: ''Perwerdigär-ä, nesillerimizden gelýän, musulman ymmat içinden bir pygamber iber, olara aýatlarymyzy düşündirsin, Kitaby - Kurany we onuñ hökümlerini öwretsin we olary päklesin!..(3)
Allatagala Hezreti Ysmaýylyñ neslinden pygamberleriñ başy Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellemi gönderip, bu edilen dogany kabul etdi. Bu hakykaty Älemleriñ Serweri: ''Men atam Ybraýymyñ dogasydyryn (4)'' diýip düşündirýär.
Hezreti Ysmaýylyñ nesli gitdigiçe köpeldi we Arap ýarymadasynyñ ähli tarapyna ýaýrady. Olaryñ içinden Adnan ogullary, olardan Mudar ogullary we olaryñ arasyndan-da kureýş taýpasy beýlekilerden rüstem we tapawutly boldy. Kureýş taýpasynyñ içinden bolsa, Haşymiler şahasy ählisinden has uly abraýa, saýlantgylyga ýetdi.
Bu hakykata-da Pygamberimiz şeýle düşündiriş beripdir: ''Alla, Ybraýymogullaryndan Ysmaýyly,Ysmaýylogullaryndan Kinane ogullaryny, Kinane ogullaryndan Kureýşi, Kureýşden-de Haşym ogullaryny, Haşym ogullaryndan hem meni saýlady(5)''.
Ähli çeşmelerde birmeñzeş görkezilen Älemleriñ Serweriniñ ýigriminji atasyna çenli uzalan arkasy şeýledir:
Muhammet sallallahu aleýhi wesellem, Abdylla, Abdylmuttalib (çyn ady Şeýbe) Haşym, Abdi Menaf (Mugire), Kusaý, Kilab, Mürre, Kab, Lueý, Galib, Fihr, Mälik, Nadr, Kinane, Huzeýme, Mudrike, (Amir), Ylýas, Mudar, Nizar, Maad, Adnan''(6).
Ynha, Pygamberimiziñ, beýik atalary bulardy. Her biriniñ nesli köpelipdir we her biri örän köp jemagatlaryñ baştutanlary we birnäçe kowumlaryñ kowumbaşylary bolupdyrlar. Diñe, käwagt biriniñ iki ogly bolsa ýa-da bir kowum şaha aýrylsa, söýgüli Pygamberimiziñ arkasy iñ uly we iñ haýyrly bolan tarapyndadyr we her asyrda onuñ beýik atasy kim bolsa, ýüzünde ýalkym saçýan aýratyn nurdan bilinerdi.

Ýigriminji atadan soñraky şejere ýazgysy

Pygamberimiziñ ýigriminji atasy bolan Adnanyñ Hezreti Ybraýymyñ neslindendigi şejereleri yzarlaýan alymlar tarapyndan kabul edilýär. Adnan bilen Ybraýymyñ (aleýhissalam) arasynda uzak ýyllar bardyr. Birnäçe alymlar arada kyrk arkanyñ barlygyny belleýärler(7). Munuñ üsti bilen aradaky ýyllaryñ sanyny takmynan aýtmak mümkindir.
Şu sebäp bilen, Pygamberimiziñ ýigriminji atasy Adnandan hezreti Ybraýyma çenli bolan ikinji dereje arkasy, basgançak-basgançak bellenilmeýär. Käbir alymlar ýedi, käbirleri-de dokuz arkada Pygamberimiziñ şejeresini Hezreti Ysmaýyla ýetirýärler. Şeýlelikde, bu arkalykda birnäçe basgançaklardan geçileni belli bolýar.

Adnandan Hezreti Ybraýyma çenli

Käbir alymlar Pygamberimiziñ Adnandan Hezreti Ybraýyma çenli barýan ikinji mertebe şejere arkasyny şeýle yzarlaýarlar:
Adnan
Udd (ýa-da Udad)
Mukawwim
Nahur (ýa-da Sarih)
Teýrah
Ýarub
Ýeşjub
Nabit
Ysmaýyl (aleýhissalam)
Ybraýym (aleýhissalam) (8)

Başga-da Ibni Yshak, mundan soñra-da Resuly Kerimiñ şejeresini tä Adam ata (aleýhissalam) çenli äkidýärler (9). Diñe şuny belläliñ, başga çeşmeler bu şejeräniñ üstünde bir pikirde däldirler.

MEŞHUR ATALARY

Şübhesiz Älemleriñ Serweriniñ nuruny Allanyñ amanady edip göterip atalarynyñ hemmesi hakynda kän bir maglumatymyz ýok. Atalaryndan iñ köp bilýänlerimiz wagt taýyndan oña iñ ýakyn bolanlarydyr. Bu ýerde olaryñ ömür we şahsyýetlerine göz aýlasak ýerlikli bolar.

Kusaý

Çyn ady Zeýd bolan Pygamberimiziñ dördünji arkadaky atasy Kusaý ähmiýetli şahsyýetdi. Onuñ Zühre atly ýeke erkek dogany bardy.
Hz. Adamdan bäri dowam edip gelen Ahmediñ nuruny götermek wezipesi bu iki doganyñ arasynda Kusaýa yhsan edilipdi. Ulusy bolany üçin, maşgalabaşy hem oldy. Kiçiliginden zehinliligi bilen köpüñ ünsüni çeken Kusaý, ulalansoñ Mekgäniñ uly adamlaryndan biri boldy. Ol guramaçylygy, iş dolandyryjylygy, adalatly kararlary bilen gysga wagtda Mekgäniñ halkynyñ arasynda uly abraý gazandy. Şonuñ üçin hem Mekgäni dolandyrmak oña ynanyldy. Ilkinji gezek Mekgäni böleklere ol böldi. Her tiräni özleri üçin saýlanan böleklerinde ol ýerleşdirildi. Mekgäniñ iñ möhüm işleri onuñ öýünde maslahatlaşylardy we belli bir karara gelnerdi. Käbäniñ gapysyny saklamak, hajylaryñ suwa bolan mätäçligini çözmek, olary ýerleşdirmek, söweşe gidilende baýdak dikmek we Mekge mejlisini dolandyrmak ýaly möhüm işler oña tabşyrylypdy. Käbäniñ garşysynda we gapysy Käbä bakýan ilkinji öý onuñ üçin gurlupdy. Bu öý Mekgäniñ bir hökümet jaýy ýa-da içinde Mekge şäher döwletiniñ her dürli iş we meseleleri maslahatlaşylýan parlamentidi. Kusaýyñ bu jaýy taryhda ''Darun-Nedwe'' ady bilen şöhrat gazanyp, Hijretden soñ hem ýarym asyra çenli goralypdyr.
Kusaýy Mekgede ähli kişi gowy görerdi. Alnynda ýalkym saçýan pygamberimiziñ nury ony tutuş Mekge halkynyñ söýgüsine we jana-jan dosty derejesine ýetiripdi.
Ol garran soñ: ''Söýgüli oglum! Seni bu kowuma ýolbaşçy belleýärin'' diýip, adata görä maşgalabaşy wezipesini uly ogly Abdud-Dara tabşyrypdy.
Abdud-Dar bu uly wezipäniñ hötdesinden gelerden ejizdi. Ol kakasynyñ ýerini tutup bilmedi. Çünki Pygamberimiziñ mukaddes nury onda däl-de, kiçi dogany Abdi Menafda ýalkym saçýardy. Onuñ hem dört ogly bardy: Haşym, Abduşşems, Muttalip we Nefwel(10).

Haşym

Haşym Pygamberimiziñ ikinji arka atasydyr. Mekgäniñ at-abraýly adamlaryndan biri bolan Haşym söwdegärdi. Pygamberimiziñ dogulmagyna az wagt galandygy sebäpli, Muhammediñ nury onuñ mañlaýynda örän güýçli parlaýardy. Bu oña birnäçe artykmaçlyklary berýärdi.
Ol çensiz jomartdy. Bir açlyk ýylynda Mekgede iýere çörek tapylmandy. Şonda ol Damaskdan getiren bugdaý unundan mele-myssyk çörek bişiripdi.
Haşym artykmaç häsiýetli, zehinli, jomart, tejribeli we ähli kişiniñ sylaýan adamsy bolany üçin onuñ ady maşgalasyna we nesline at bolupdyr. Bu sebäp bilen içinde Fahry-Kaýynat Serwerimiz hem bolan bu uly tirä il arasynda ''Haşymlar'' diýlipdir.
Haşimiñ dört ogly bolupdyr. Şeýbe (Abdylmuttalib), Esed, Ebu Saýfi we Nadle (11)
Haşymyñ ogullaryndan diñe Şeýbe bilen Esediñ zürýatlary bolup, Ebu Saýfi bilen Nadleniñ ogullary bolmandyr. Şeýbe pygamberimiziñ birinji arka atasydyr. Esed bolsa Hezreti Aly we onuñ ejesi Patmanyñ daýysydyr. Ýöne Esediñ ogly Huneýniñ hem hiç bir zürýady bolmansoñ, ähli Haşymliler diñe Abdylmuttalibiñ ogullarynyñ şahasyndan köpelipdirler we ýer ýüzüne ýaýrapdyrlar(12).

Şeýbe (Abdylmuttalib)

Pygamberimiziñ birinji arka atasydyr. Doglanda ak saçly dünýä ineni üçin, oña Şeýbe diýip at goýupdyrlar.
Abdylmuttalib onuñ lakamydyr. Emma ol bu lakam bilen has şöhratly we tanymal bolupdy.
Onuñ bu ýörgünli lakamy alşynyñ hekaýaty şeýle:
Şeýbe heniz oglanka Medinede daýylarynyñ ýanynda bolýardy.
Bir gün ol dostlary bilen meýdanda ok atyşyp oýnaýardy. Ol deñ-duş çagalaryñ arasynda, Älemleriñ Serwerine degişli ýalkym saçýan nury bilen aýyl-saýyl tapawutlanýardy. Çagalaryñ bu ýaryşyny synlamak üçin uly adamlardan hem köpçülik ýygnanypdy. Ok atmak gezegi Şeýbä geldi. Ol okuny ýaýyna saldy, özüne ynam bilen ýaýyny çekdi. Sähel salym demini saklap, ýaýyny goýberdi. Ýaýdan çykan peýkam nyşana göni çümdi. Her kim haýran galyp, oña seredende ol ýeñşini buýsanç we tolgunmak bilen şeýle düşündirýärdi:
''Men Haşymyñ ogludyryn! Men (Betha) Beginiñ ogludyryn! Onsañ okum, elbetde, nyşana deger!''
Ýygnanan adamlar Şeýbäniñ bu buýsançly sözlerini eşitdi. Haris bin Abdi Menaf ogullaryndan biri ýanyna gelip, onuñ Haşymyñ ogludygyny anyk bildi. Soñra ol Mekgä gaýdanda, görenlerini daýysy Muttalibe gürrüñ berip, beýle zehinli, akylly çaganyñ ýat illerde gezmeginiñ dürs däldigini düşündirdi.
Muttalib bu habary alan badyna, derhal Medinä gitdi we Şeýbäni alyp, Mekgä getirdi. Muttalib Şeýbe bilen Mekgäniñ köçelerine gireni bilen: ''Bu çaga kim?'' diýip soradylar.
Muttalib hem çaga göz deger gorkusyndan: ''Gulumdyr'' diýip jogap berdi. Öýüne gelende aýaly Hatyja-da onuñ jogaby ''Gulumdyr'' boldy. Ertesi gün daýysynyñ alyp beren owadan eşikleri bilen Mekgäniñ köçelerine gezelenje çykanda, her kim biri-birine ''Bu kim?'' diýişdiler. Owal habary barlar: ''Abdylmuttalib'' (Muttalibyñ guly) diýip jogap berdiler. Şeýlelikde ol günden soñra Şeýbäniñ ady Abdylmuttalib bolup galdy (13).

Abdylmuttalibyñ düýşi

Aradan ýyllar geçdi. Alnynda ýalkym saçýan Älemleriñ Serwerine degişli Nur, ony Kureýşiñ ýolbaşçysy etdi...
Tomsuñ yssy günleriniñ biridi...
Käbäniñ ýanyndaky Hyjr diýen ýerinde salkyn saýada Abdylmuttalib uklap ýatyrdy. Bir düýş gördi, düýşünde kimdir biri oña şeýle diýdi:
ㅡ Tur, Taýibäni gaz!
Sorady:
ㅡ Taýibe nämedir?
Emma ol soragyna hiç bir jogap bermän daşlaşyp gitdi.
Oýanan Abdylmuttalib tolgunýardy. ''Taýýibe'' diýmek ne?
Taýýibäni gazmak nähili bolýar? Ol düýşünden many çykaryp bilmän alada bilen bir gije-gündizini geçirdi.
Ertesi gün ol ýene şol ýerde uka gitdi. Şol adam ýene-de düýşüne girdi we seslendi:
ㅡ Tur! Berräni gaz!''
Haýran galan Abdylmuttalib ýene sorady:
ㅡ Berre nämedir?
Nätanyş adam ýene hiç hili jogap bermän gaýyp boldy.
Abdylmuttalib öñküsinden hem beter tolgunmakdan ýaña tisginip, süýji ukydan oýandy. Emma düýşünden hiç many çykaryp bilmedi. Ol ýene bir gije-gündizi gören düýşüniñ täsirine geçirdi.
Ertesi gün Abdylmuttalib ýene-de şol hemişeki ýerinde uklap ýatyrdy. Ýene düÿşünde öñki adam gelip oña:
ㅡ Tur, Mednunäni gaz!'' diýdi.
Abdylmuttalib ýene onuñ aýdanlaryna düşünmedi. Şol bir soragyny gaýtalady:
ㅡ Mednune nämedir? - Emma ol adamdan ýene-de jogap alyp bilmedi.
Abdylmuttalibiñ alada we tolgunmasy ýetjek derejesine ýetdi. Üç günüñ dowamynda yzly-yzyna gören düýşüniñ ýöne düýş däldigini, elbetde, ol bilýärdi. Emma düýşünden many alar ýaly sähelçe ilteşere-de zat tapmaýardy. Dördülenji gün ýene öñki ýerinde uka giden Abdylmuttalibiñ düýşi gaýtalandy.
Bu gezek ol adam:
ㅡ Zemzemi gaz!'' diýdi. Abdylmuttalib ㅡ Zemzem näme? Ol nirede? '' diýip soranda, şu jogaby aldy:
ㅡ Zemzem hiç kesilmeýän, düýpsüz suwdyr. Hajylaryñ suwa bolan teşneligini şonuñ bilen gandyrarsyñ. Ol Käbede kesilen gurbanlaryñ ganlarynyñ akan ýeri bilen hapalarynyñ dökülen ýeriniñ aralygyndadyr. Alaja garga gelip şol ýeri gazar. Ol ýerde garynjanyñ hini hem bardyr (14).
Ukudan oýanan Abdulmuttalibiñ tolgunjyna bu gezek begenç duýgusy hem goşulypdy. Çünki düýşüñ manysyna düşünmek üçin esas tapypdy. Ol owal hem birnäçe gezek Zemzem guýusy barada gürrüñ edilenini eşidipdi. Çünki Jürhümliler Mekgeden gaçan wagtlary Käbäniñ ähli gymmatly zatlary Zemzem guýusyna atyp, gyýyny hem bildirmez ýaly gömüpdirler. Ol wagtlardan bäri Zemzemiñ ady bar ㅡ özi ýokdy(15)
Abdylmuttalib indi özüne Zemzemiñ ýerini tapyp, gazmak işiniñ buýrulandygyna düşünipdi. Ol derhal gözlege başlady. Ol düýşünde aýan edilen ýere gitdi. Şol wagt Abdylmuttalib bir alaja garganyñ hem gonan ýerini gözläninden soñ, uçup gidenini gördi. Abdylmuttalibiñ begenjiniñ çägi ýokdy. Ol nije ýyllardan bäri nirededigi gizlin, ömürler uzaldan guýyny tapan adyna eýe boljakdy. Ol Zemzemiñ ýerini bilýärdi. Indi diñe ony gazaýmalydy. Ol bu abraýy gidermek, syry hiç kime açmak islemeýärdi. Munuñ üçin ertesi gün ýanyna ýalñyz ogly Harisi alyp, bellän ýerine bardy we gazmaga başlady. Bir salymdan Zemzem guýusynyñ agzyna örülen daşlar göründi. Bu guýynyñ agzydy. Abdylmuttalib hem begenýärdi, hem tolgunýardy. Ol öz gözlerine ynanyp bilmeýärdi. Emma ynansa-ynanmasa-da, onuñ öñündäki bir guýynyñ agzydy. Ol tekbir aýtmaga başlady.
''Allahu Ekber, Allahu Ekber, Allahu Ekber!''




1. Kastalani el-Mewahibul-Ledunniýýe t-1, sah.6
2. Şol ýerde. sah.7.
3. El-Bakara, 129 ayat.
4. Ibni Hişam. Sire, t-1. sah-175, Taberi, Taryh t-2, sah-128.
5. Ibni Sad. Tabakat. t-1 sah. 20 Muslim Sanih t-3 sah. 58.
6. Ibni Hişam, Sire t-1 sah.1-3 Ibni Sad. Tabakat. t-1, sah. 55-56. Belazuri, Ensabul-Eşraf t-1 sah.12 w şm; Taberi, Taryh t-2 sah. 172-180.
7. Mewlana Şibli, Asry Saadet t-1 sah.119 terjime Ö. R. Dogrul.
8. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah-2. Ibni Sad Tabakat t-1 sah-56
9. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah-2-4.
10. Ibni Sad Tabakat t-1 sah-66,70,74; Taberi Taryh t-2 sah. 184-185.
11. Şol ýerde sah. 75-80
12. Şol ýerde sah. 79-80.
13. Ibni Sad, Tabakat t-1 sah. 82-83.
14. Ibn Hişam, Sire t-1 sah. 150-151.
15. M. Dikmen, B. Ateş. Pygamberler taryhy, t-1. sah-229-232.

Salyh Suruç. ''Älemleriñ Serweri Pygamberimiziñ ömri'' atly kitabyndan.
Terjime edenler: Hydyr Amangeldi,
Nedim Polat, Baky Annadurdyýew.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir