Iň howpsuz şäherler
Ýaponiýanyň paýtagty dünýäniň iri 60 şäheriniň arasynda iň howpsuzy saýlandy. Şeýlelikde Günüň dogýan ýurdunyň paýtagty 2015-nji ýyldan bäri üçünji gezek sanawyň ilkinji basgançagynda galdy. Angliýanyň “The Economist” neşiriniň bilermenleriniň geçirýän barlagy netijesinde taýýarlanýan sanawynda 50 sany ura baha berilýär. olaryň arasynda tebigy heläkçiliklerden goranmak üçin öňüni alyş çäreleri, kiberhowpsuzlyk ýaly zatlar bar. Ikinji ýeri Singapur eýeleýär. Beýleki bir ýapon şäher Osaka üçünji bolupdyr. Şeýle hem, Awstraliýanyň Sidneý şäheri sanawda dördinji basgançagy eýeleýär. Kanadanyň Toronto, ABŞ-nyň Waşington, Daniýanyň Kopengagen, Koreýa Respublikasynyň Seul we Awstraliýanyň Melburn şäherleri ilkinji onlugy emele getiripdirler.

Bilim, 12 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir