Sowadyjyda döreýän ýakymsyz ysy dessine aýyrmasaň, beýleki önümlere geçmek ähtimallygy bardyr. Ilki bilen, sowadyjyda döreýän ýakymsyz ysyň esasy sebäplerini aýdyňlaşdyralyň:
Meselem, agzy gapakly ýörite gaplarda saklanmadyk önümler sowadyjyda ýakymsyz ysyň
döremegine sebäp bolup biler. Şeýle sowadyjyda, käbir ter gök önümler köp wagtlap saklananda şeýle ys peýda bolup biler;
Sowadyjynyň suw akdyrýanynyň dykylmagy zerarly ys döremegi mümkin. Şonuň üçin wagtal-wagtal sowadyjynyň şol akaryny arassalap durmalydygyny ýatdan
çykarmaly däldiris;
Sowadyjy täze bolanda, onda plastik jisimleriň we demriň ysy bolýar, ýöne öý
bikeleri onuň gök önümlere siňmezliginiň aladasyny etmelidir;
Ýakymsyz ys sowadyjynyň dogry ulanylmadyk ýagdaýynda, heňleriň döremegi, howa täzeleýji ulgamynyň nädogry sazlanmagy netijesinde hem döräp biler;
Ýaramlylyk möhleti geçen önümleriň saklanmagy ýakymsyz yslaryň esasy sebäpleriniň biridir. Sowadyjyda ýatdan çykan bölejik önümler, naharlar, kesilen gök
önümler, miweler, turşan gatyk, gapagy ýapylman galan süýt we beýleki önümler
uzak wagtlap dursa, heňleriň döremegine getirer;
Şeýle-de sowadyjynyň içki temperaturasynyň ýalňyş goýulmagy ýaly sebäpler bilen-de ýakymsyz ys döräp biler. Bu ýagdaýyň nähili öňüni alyp bolýar?!
Sowadyjyny ýylda iki gezekden az ýuwmaly däldir. Arassaçylyk işleri geçirilende,
sowadyjylar üçin ýörite niýetlenen serişdeler bolmasa, himiki serişdeleri ulanmak maslahat berilmeýär.
Sowadyjydaky ýakymsyz ysy tebigy serişdeleriň üsti bilen hem aýryp bolýar:
— Sirkäni suwa garyp, hasany ölläp, sowadyjynyň diwarlaryny süpürmeli;
— Nahar sodasyny suwa garyp, hasa bilen süpürseňiz hem gowy netije berýär;
— Işjeňleşdirilen kömrüň birnäçe gerdejiklerini alyp, limon turşusy sykylan pamyk
bölegi bilen bir gapda sowadyjynyň tekjesinde goýsaňyz, ýakymsyz ys aýrylar.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir