Akylly we işine jür hyzmatkär
Paýhasly hem barjamly kişiniň akylly we işine jür hyzmatkäri bolupdyr. Bir gün baý onuň bilen bir bag-bakjalyga barýar. Dürli baglara, güllere tomaşa edip baryşlaryna, olar ekinçilige ýetýärler. Baý bir hyýary ýolup, ony hyzmatkärine berýär. Ol hem işdämenlik bilen iýmäge başlaýar. Hyzmatkäriniň hyýary şeýle süýjüdip iýşine agzy suwaran hojaýyn ondan hyýary alyp, dadyp görse, ajylygyndan ýaňa agzyňa alar ýaly dälmiş. Ol hyzmatkärden soraýar:
— Beýle ajy hyýary nädip işdämenlik bilen iýýärsiň?
— Hojaýyn, bu hyýary maňa si z berdiňiz.. Men si ziň eliňizdenden köp-köp süýji hem tagamly nygmatlary iýdim. Şol sebäpli bir ajy lukma üçin ýüzümi turşatmaga utandym — diýip, hyzmatkär oňa jogap beripdir.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir