Sten Li­niň soň­ky ki­ta­by

Ko­miks­le­riň aw­to­ry Sten Li­niň iň soň­ky meýilnamalarynyň bi­ri – uly ýaş­ly oky­jy­lar üçin niýetlenen il­kin­ji ro­ma­ny çap edi­ler. “The Gu­ar­di­an” ne­şi­ri­niň ýaz­ma­gy­na gö­rä, ki­tap 17-nji sent­ýabr­da hal­ka ýe­ti­ri­ler. “Ýag­ty­ly­gyň eme­li” diý­lip at­lan­dy­ry­lan bu ro­man­da pi­ki­riň güý­ji ar­ka­ly teh­no­lo­gi­ýa­ny do­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly Ke­me­ron bi­len ha­ker Nia­nyň dost­lu­gy ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Ha­çan-da, fi­zi­ki we torda­ky güýç­ler adam­za­da howp salanda, olar dün­ýä­ni ha­las et­mek üçin ta­gal­la­la­ry­ny bi­rik­dir­me­li bol­ýar­lar.
Ne­şir­ýat­çy­la­ryň söz­le­ri­ne gö­rä, Sten Li bu ro­ma­nyň üstünde basa oturyp iş­läp­dir. Şeý­le hem ro­man au­dio­ki­tap gör­nü­şin­de hem çy­ka­ry­lar.
Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Mar­wel ko­miks­le­riň “ata­sy” Sten Li, ge­çen ýy­lyň 12-nji no­ýab­ryn­da Los-An­je­les­de (Ka­li­for­ni­ýa şta­ty) ara­dan çyk­dy. Ol 1922-nji ýy­lyň 28-nji de­kab­ryn­da Nýu-Ýork­da dün­ýä in­ýär. Ýa­zy­jy, re­dak­tor we ssena­ri­çi Sten Li bir­nä­çe su­rat­keş­ler bi­len hyz­mat­daş­lyk­da “Möý-adam”, “De­mir-adam”, “Iks adam­lar”, “Strenn­jiň dok­to­ry”, “Ga­ra kak­nus” we başga-da köp san­ly tos­la­nyp ta­py­lan meş­hur gah­ry­man­la­ry dö­ret­di. Ol baş re­dak­tor, ne­şir­ýat­çy, soň­lu­gy bi­len hem, ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy “Marvel Comics”-iň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy bolup işläpdi.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir