Sa­la­myň gudraty

Bir us­sa doň­dur­ma ön­dür­ýän kär­ha­na­da iş­le­ýän eken. Gün­le­riň bi­rin­de iş wag­ty ahyr­la­be­ren­de, ol äti­ýaç­dan äpet so­wa­dy­jy­la­ry bar­la­mak üçin ýe­ke-ýe­ke­den ola­ryň içi­ne gi­rip, göz aý­lap baş­la­ýar. Şol bar­ma­na­-da bi­ri­niň içi­ne gi­ren­de, ga­py da­şyn­dan ýa­py­laý­ýar. Ýa­ny­na hiç-hi­li gu­ra­ly­ny al­ma­dyk us­sa ga­py­ny aç­jak bo­lup, nä­çe çyt­raş­sa­-da, bar aza­by bi­de­rek bol­ýar. Äh­li iş­gär­le­r­ hem öý­le­ri­ne gaý­dan eken. Ara­dan ep-es­li wagt geç­ýär. So­wuk­dan ýa­ňa ol ki­şi­niň es­si aýy­lyp, özü­ni ýi­ti­rip ug­ran­da, ga­ra­wul ge­lip, ony ha­las ed­ýär. Bir­nä­çe gün­den soň häl­ki us­sa aýak üs­tü­ne ga­lyp işe çyk­ýar. Des­si­ne ha­las­gä­ri­ni ta­pyp, sag­bol­sun aý­dan­soň, özü­niň ha­las edil­me­gi­ne nä­me se­bäp bo­lan­dy­gy bi­len gy­zyk­lan­ýar. Ga­ra­wul oňa şeý­le jo­gap ber­ýär:
– Şu ýer­de uzak ýyl­lar­dan bä­ri iş­läp gel­ýä­rin. Şol ge­çen döw­rüň için­de en­çe­me adam bu kär­ha­na­dan gi­rip-çyk­dy­lar. Ýö­ne, adat­ça, ir­den işe ge­len­le­rin­de sen­den baş­ga me­niň bi­len sa­lam­la­şyp, gaý­dan­da-da hoş­laş­ýan ada­ma ga­bat gel­me­dim. Şol gü­nem he­mi­şe bol­şy ýa­ly, siz ir­den işe ge­le­ni­ňiz­de me­niň bi­len mä­hir­li sa­lam­laş­yp­dy­ňyz. Ýö­ne nä­mü­çin­dir iş gu­ta­ran­soň, wag­ty bi­len ga­ra ber­me­di­ňiz. On­soň göw­nü­me gu­man git­di-de, äh­li ýe­ri göz­läp ug­ra­dym. Her-nä, çö­re­giň bi­tin eken

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir