ene
şahyr goşgy ýazyp söýgi hakynda,
ýatdan-da çykdymy mähriban ene.
ýary ýüregiňe salanyň bilen,
unutma jan salan enedir tene.

aýal ýoluňdadyr, perzent biliňde,
emma ene ýitse bolanok tapyp.
enäge bergiňi beriwem bolmaz,
zümmeretler berip serpaýlar ýapyp.

enäge bergisin beren ogullar ,
adyny goýarlar ýitmez bakylyk.
ynjytmasaň enäň eziz göwnüni,
jenete hem bolar şolda çakylyk.

enäň bir ýeke eden işini ,
wasp ederden meniň dilim ejizdir.
ene üçin perzendiň bir dyrnagy,
dünýäden baýlykdan puldan ezizdir.

telbe

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir