Usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň bilim işgärleriniň 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 15,16,17-sine geçirilen usuly-amaly okuwlary Änew şäheriniň 16,28-nji orta mekdeplerinde we 15, 20-nji çagalar baglarynda "Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak her bir ynsanýete uly bagtdyr" diýen şygar astynda guramaçylykly hem-de taýýarlykly geçdi. Bu usuly amaly okuwlara bilim işgärleri işeňňir gatnaşdylar.
Usuly okuwlaryň işine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Milli Bilim institutynyň bölüm müdiri, baş ylmy işgäri Ýewgeniýa Antonowa, şeyle-de AWBBM-niň usuly merkeziniň hünarmeni Gülbahar Ataýewa gatnaşdylar. Olar mugallymlar bilen maksatnamalar we okuw kitaplary bilen işlemek, okatmagyň multimediýa işjeň-öwreniş usullaryny iş tejribä ornaşdyrmak, bilimiň hilini yokarlandyrmagyň netijeli ýollaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Myhmanlar mugallymlaryň we terbiýeçileriň soraglaryna jogap, usuly maslahatlar berdiler.
Usuly-amaly okuwlarda bilim barada Hormatly Prezidentimiziň eden çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň mazmunlary boyunça yüze çykýan meseleler, okuwçylara berilyan bilimiň hilini, okatmagyn usulýetini, mugallymlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmagyň ýollary baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ähli işler meýinama esasynda resmileşdirildi. Dersler boýunça bellenen usuly okuwlaryň yolbaşçylary, hünärmenler bilen bir günlik usuly okuw maslahaty etrabyň 16-njy orta mekdebinde geçirildi.
Usuly-amaly okuwlaryň geçiriljek otaglary belli edilip yörite bölümçeleriň atlary ýazylgy bellikler her bir bellenen ders otaglarynda asyldy we umumy gözükdirme görkeziji bolsa mekdebiň görnükli ýerinden asylyp goýuldy. Her bölümçe boýunça yörite bukja-papkalar döredildi we onda gerekli yörite usuly gollanmalar ýerleşdirildi. Ähli dersler boýunça usuly okuwlaryň meyilnamalary taýýarlandy. Dokladlar bilen çykyş etjek ökde mugallymlaryň çykyşlaryna synlar yazyldy. Bilim işgärleriniň ýanwar maslahatynyň usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirilip öňdebaryjy bilim işgärleriniň iщ tejribelerinden sergiler gurnaldy. Etrap bilim bölüminiň hünärmenleri tarapyndan iş tejribeleri öwrenilýän bilim işgärleriniň tejribelerinden kitapçalar, bukjalar, edilýän işleriň bukletleri sergide görkezildi, dersler boýunça usuly okuwlarda täze çap edilen okuw kitaplarynyň sergisi gurnaldy we pikir alyşylyp teklipler berildi.
Usuly okuwlara bölümçeler boýuça bilim işgäri gatnaşdy. Bu okuwlarda çykyşlar diňlenilende çykyşlaryň artyk we kem taraplaryna bellikler edildi. Mugallymlar we terbiýeçiler özleriniň tekliplerini aýdyp çykyşlaryň üstüni yetirdiler. Etrap bilim işgärleriniň usuly okuwlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda Permanyndan we Kararyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, täze mazmunly okuw maksatnamalary we okuw kitaplary bilen işlemek, okatmagyň multimediýa işjeň-öwreniş usullaryny iş tejribä ornaşdyrmak, bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň netijeli ýollaryna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir