«Ýaňlan, Diýarym! —2019»

Ýakynda Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym! —2019” telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde geçirilýän däbe öwrülen bu bäsleşige welaýatymyzyň etrapdyr Tejen şäherinde geçirilen gözden geçirişlerde öňe saýlanan zehinli ýaşlaryň uly topary gatnaşdy.
Bäsleşik zehinli ýaşlar üçin özboluşly sungat baýramçylygyna öwrüldi. Toý ruhuna giren giň meýdançada ýygnanan welaýatymyzyň köp sanly ýaşaýjylary höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň çykyşlaryna çäksiz gyzyklanma bildirdiler. Bagtyýar raýatlaryň şowhuny ýaşlara sahnada öz ussatlyklaryny we zehin-başarnyklaryny görkezmäge özboluşly goldaw boldy. Şeýle ruhubelentlik alamaty sahnada ýaňlanan aýdym-sazlaryň owazynyň uzaklara ýaň salmagyna getirdi.
“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynda ýurdumyzda geçirilýän her bir dabara raýatlaryň işjeňligine eýe bolýar. Bu hakykat ýaş zehinleriň sungat baýramçylygyny ýatladan nobatdaky bäsleşikde dolulygyna öz beýanyny tapdy. Ýürekleri buýsançly, kalplary joşgunly ruhubelent ýaşlar gezekli gezegine sahna çykyp, bäsleşigiň şertleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Olar estrada, halk we nusgawy aýdymlaryny uly joşgun we hyjuw bilen ýerine ýetirdiler. Ýaňlanan aýdym-saz çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Olarda mähriban Diýarymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, milli Liderimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň waspy öz beýanyny tapdy.
Bäsleşik ýurdumyzda sungata zehinli ýaşlaryň az däldigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi. Eminler toparynyň agzalary hem bu hakykaty aýratyn belläp, höwesjeň aýdymçylaryň çykyşlaryna ähli babatda, şol sanda ýaş aýdymçylaryň geýnişini, olaryň sahnada özlerini alyp barşyny, aýdymlaryň sözleriniň dürs aýdylşyny mynasyp baha berdiler. Şeýlelikde, “Ýaňlan, Diýarym!—2019” telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynda welaýat Ýörite sungat mekdebiniň talyby Çarygeldi Ataballyýew he-de Gökdepe etrabyndan höwesjeň aýdymçy Ýusup Ataýew ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir