Ýurduň hökümdary günleň bir güni
Öz halypasyndan soranmyş şuny:
«Kemiň bolsa iýmek-geýmek babatda,
Maňa duýduraýgyn ýagdaýyň hakda.
Halypa şeý diýen: «Eý, keremli şa,
Meniň üçin batma gaýgy-endişä,
Iki sany gul bar meniň elimde,
Olar ykbalyňy çözýär seniň-de!»
Şanyň ýüregine düşüpdir dowul:
«Meň ykbalym çözýän o neneňsi gul?»
Halypa patyşaň gözlerine bakan:
«O gullaryň ady – isleg hem gahar.
Şol ikisi meniň erkime tabyn,
Mundan artyk düşündirip durmaýyn.
Eger-de kim bolsa şolaryň guly,
Günä gazanýandyr uludan-uly.
Sen – şa, näme etseň, eliňde erkiň,
Gowudyr öz çakyn tanasa her kim.
Hemmäni deň çoýar asmanda güneş,
Hergiz men-menlikden durawergin daş».