Nämä gerek seni öwmek?
Sen muňa düýpden mätäç däl.
Ýogsa, egniňde çit köýnek,
Başyňda tahýa. Tylla täç däl.

Iş edinmen işim taşlap,
Sen ne Gün, ne ýyldyz, ne Aý.
Ýönekeý adyňdan başlap,
Ah, ýöne durkuň göwnejaý!

Gaşlaň ýatladanok ýaýy,
Eginbaşyň däl şaý-sepli.
Ýöne sen akylyň öýi,
Ýöne sen diýseň az gepli.

Adyn göterip belende,
Ýürekde yşk odun ýakan.
Gyz asylzada bolanda,
Görk-görmek hökman däl eken.

Ak Welsapar

Edebiýat, kararsyz tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir