Türkmen halkyna Magtymgulysyz düşünip bolmajagy belli hakykatdyr. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň 1966-njy ýylda ýazan "Şahyr, okyjy, talyp" diýen makalasyndaky: "Biziň beýik şahyrymyz bar. Örän-örän beýik. Men onuň beýikligini näme bilen deňejegimi bilemok. Dag. Asman. Soň Gün. Bularyň hemmesi fiziki belentlik. Ýöne adam talantyny, mertebesini, ruhy baýlygyny, umuman adamkärçiligini ölçäp boljak ölçeg şindi ýok. Ol hiç wagt bolmazam.
Meniň Magtymgula ýüzlenmegim totänleýin däl. Her gün stoluň başyna geçenimizde bir zady unutmalyň. Biziň gulluk edýän hünärimizde Magtymguly bardyr" diýen sözleri çuňňur oýlandyrýar.
Howwa, Magtymgulynyň edebi mirasy halkymyz üçin ruhy-ahlak, durmuş ýörelgesi bolan bolsa, döredijilik adam üçin kämilligiň çelgisi, ylham çeşmesidir. Ony özüne ussat halypa saýanlar ýüreginiň töründen Oňa mynasyp orun berendirler.
Gurbannazar Ezizow has ýaşka: "Men Puşkini, Lermontowy okadym. Ak-garany saýgarmaýan döwrümde ýat bekledim. Her jümläni, nokady özüm ýazdym. Juwanlykda kämillige höwrügip uçup gitdim, başga-başga Diýara. Indem yza haýal gelýän öwrülip zyýany ýok. Ýetsem käşgä Diýara" diýip, rus edebiýatyna höwrügenligini aýtsa, soň Ýewropa, Gündogar edebiýaty, dünýä edebiýaty bilen hem içgin tanyş bolanlygyny, ürç edip öwrenligini söhbetdeşlikde dünýä belli şahyrlaryň eserlerini aýdyp, terjime edip, düşündürip berenligini aýdýar. "Danalar boldular halypam, ussam. Şolaň gullugyna hemişe taýýar" diýmegi hem şahyryň dünýäniň danalaryndan hemişe geregiçe tälim alanlygyny tassyklaýar. G Ezizowyň edebi mirasynda olaryň az sanlysynyň atlary gabat gelýär. Pyragy, Saady, Gomer, Rudaky, Puşkin, Tolstoý, Lermontow, Omar Haýýam, Kemine, Nowaýy, Ferdöwsi, Resul Gamzatow, Kaýsyn Kulyýew, Alim Köşekow, Turmanýan, Maýakowskiý, Gorki, Musa Jelil, Baýron, Blok, Nazim Hikmet... ýöne onuň hormat goýýan ýazyjy-şahyrlarynyň sany ýüzlerçedir. G, Ezizowyň edebi mirasyny bir miweli dargta meňzetsek, şol daragtyň irili-ownuk kökleri dünýäniň her künjegindäki danalaryň eserleriniň datly tagamlaryndan iýmitlenendir. Ýöne bellemeli zat, onuň iň esasy köki Pyragynyň şygyrýetinden, galyberse-de, milli mirasymyzdan iýmitlenendir.

"Näçe ýol bar, ýodalar,
Beýiklik bar, çuňluk bar,
Emma ýürek ot alar,
Seniň, seniň nämäň bar".

Juwanlykda kämillige höwrügip, başga-başga Diýara "uçup giden" janserek şahyr öz Diýaryna, öz iliniň ýürek törüne ýetmek üçin ýol-ýoda gözleýär. Ol ýol-ýodalaryň gözbaşynda bolsa ho-ol gözýetimde, örän-örän beýik, kämilligiň çelgisi Magtymguly Pyragy barha we barha ör boýuna galýar.

"Çagyr meni gözýetim,
Agyr işe baş goşdum.
Öz ýodamy gözledim,
Öz ýodamdan daş düşdüm.

Gurbannazar birnäçe şahsyýetler barada makalalar, goşgular ýazypdyr, olary hormatlap, gowy-gowy sözler aýdypdyr. Emma onuň Magtymgula bolan garaýşy taýsyz ýokary bolupdyr. Sebäbi öz iliniň hak şahyry bolmagyň agyr işdigine göz ýetiren Gurbannazar üçin şeýle beýik akyldaryň 《çaýlar içen çäýnegin ýuwup süpürmäge hukuk gazanmagam uly dereje》

"Ýöne ulurak bolalyň,
Uludan tälim alalyň.
Söz açsak näme barada,
Çünki kiçi bolmak günä"

Ulyrak bolmak üçin, hökman uludan tälim almaly, şoňa düşünýäni üçin hem şahyr ähli çeperçilik serişdelerini alyp, beýik akyldaryň ruhunyň huzuryna gelýär. Munuň özi Magtymgulynyň edebi mirasyna içgin aralaşyp, onuň ruhy bilen ýaşamak, hemdem bolmakdyr. Magtymguly:

"Hemdem bolup içgin-içgin sormaýan,
Nä bilsin bir görüp gitse daşymdan".

《Talyplyk ýyllarmyzda belli alymlar Gylyç Mülliýew, Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew dagylar Gündogaryň nusgawy edebiýatyndan ders bererdiler. Hasam olaryň Magtymgulynyň şygyrlaryny ýatdan aýdyp, onuň şahyrana dünýäsini açyşlary Gurbannazary haýrana goýdy.
- Beh, Magtymgulynyň tomlugyny gaýtalap okamaly etdiler-aý bular - diýdi. Şo mahallardan başlabam bir gapdala çekilip, uzak oýlanyp ýörmäni, ýa-da penjireden uzaklara seredip oturmany çykardy》 - diýip, şahyryň talyplyk dosty, ýazyjy Hudaýberdi Diýwangulyýew ýatlaýar.

"Şol uly şäheriň dymyk gijesi,
Okamda şygryňy daň sazyna çen.
Bagyşla Pyragy bilýän diýse-de,
Şägirt halypasyn bilmeýen eken.

Seniň ömrüň seniň döwrüň barada,
Mäti Kösäýewiň bildini çeken,
Şägirdiň iň belent baha alsa-da,
Beýik halypasyn bilmeýän eken"

Dünýä genilerinden oňat baş çykarýan Gurbannazar diňe Magtymgula 《beýik halypam》diýip ýüzlenýär. Ol kämillik gözläp, başga-başga Diýara uçup gidip, beýik söz ussadyny has içgin bilmändigine ötünç soraýar. Pyragynyň şygyrýetiniň çuňlugy - näçe bilýän diýseň-de, şahyryň ýene-de bilmeýen zatlaryny ýüze çykarýar:

"Bar geçen günümi bermen şu güne,
Çünki şu gün her setiriň, her bendiň,
Ykbalyň, begenjiň, gynanjyň, söýgiň,
Umuman, seniň özüň has ýakyn bolduň"

Şägirdiň halypadan pata almagy gadymdan gelýän kada. Bu iki şahsyýetiň gaýybana söhbedinde-de şeýleräk ahwalat, duýulýar. Şahyr pirinden miras alan iline bolan söýgüsiniň nä derejede jogapkärçilikdigini şeýle beýan edýär:

"Il-günüňi söýmek uly iş bilýän,
Ili söýsem söýşi kimin şol äriň.
Ýekeje setirim, bir sözüm bilen,
Harlamaweräýin Pyragyň kärin".

Şägirdiniň şol beýik mirasa - halypanyň oňa beren ak patasydyr
"Derdim bardyr diýarymdan, döwrümden";
"Ne beladyr kimse çeker bu derdi";
"Peder bize miras goýmuş bu derdi";
"Pähim eýleýen Magtymgulyň sözüni,
Derde düşüp, ýaşa doldyr gözümi";
"Kimdir yşkyň ýükün çeken Merdana"
Gurbannazarda:
"Bogazymda büdür-südür tegek deý,
Il hasraty direnip dur, derdi kän".

"Dert çekilmez ýöne ýere,
Kim hasrata başyn goşar".

"Ulylar aglasa ägä bolmaly,
Uly ýöne ýere aglaýan däldir".

"Söýginiň derdine hormat goýmaly,
Şo dert bilen önýär tämiz duýgymuz"

"Şol yşkym baglapdyr sypabilemok,
Gülüm düşülen ýol agyrdyr agyr.
Indem ondan asyl-asyl dönme ýok".

Ynha, piriniň sözlerine pähim eýleýip, onuň ruhy bilen hemdem bolup alan paýy uly söýginiň derdi. Şol uly derdi çekip bilmeýen - beýik söýginiň ýüküni hem göterip bilmez.
Magtymguly:
"Hakyň yşky bize goýan közlere,
Şo közlerden kysmat bolan bizlere,"
"Yşkym bardyr Mejnundan altmyş esse zyýada" - diýen pikirleri Gurbannazarda şeýle ýaňlanýar.
"Söýgä mynasyplar götär söýgini,
Söýgi ejizleriň golundan gelmez".

"Biziň bu gazaply ýigriminjide,
Örän uly söýgi gerek adama".

Akmyrat TAGANGYLYJOW.
Mirasgär.

Çeşme: Edebiýat we Sungat gazeti. 2017-nji ýylyň 7-nji iýuly.

Edebiýat, Umman tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir