Ýar diýdi: ”Durnalar ýurdun taşlaýar…”
Men diýdim: ”Watany bardyr başga-da.”

”Durmuşyň özeni – söýgi” diýende,
”Söýene durmuş ýok!” diýdim men gende.

Ýar diýdi: ”Meň göwnüm – arş içre gämi”.
Men diýdim: ”Arş – diňe Ýeriň dowamy!”

”Gar ýagýar, iň ak zat…” diýdi ol garap.
Ýadaw jogap berdim: ”Köpen ondan ak!”

Ak Welsapar

Edebiýat, kararsyz tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir