Türkmenistanda ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek, şol sanda Hazaryň täsin ekoulgamyny, onuň tebigy görnüşlerini, baý bioköpdürlüligini gorap saklamak boýunça netijeli çäreleri üstünlikli amala aşyrýar. 2007-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Pudagara topary döredildi, bu toparyň öňünde goýlan wezipeleriň biri hem Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýany taýýarlamakdyr.
Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk hem-de Hazar deňziniň suw we biologiki serişdelerini saklamak we netije peýdalanmak hakynda Ylalaşyk bar. Olara Hazarýaka döwletleriniň 2014-nji ýylda Astrahanda geçirilen IV sammitiniň jemleri boýunça gol çekildi. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi möhüm waka bolup, munuň özi Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň hukuk kadalaryny berkiden taryhy ähmiýetli binýatlyk resminamadyr.
Gurbanguly Berdymuhamedow 2019-njy ýylda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň biziň ýurdumyzyň bu ugurdaky tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygynyň tassyklanmasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi we bu forumy Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi. Bu forum Hökümet agzalarynyň, işewür we ylmy düzümleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk üçin hemişelik hereket edýän binýada öwrülmelidir, ol Hazarýaka döwletleriniň her birinde yzygiderli geçirilmelidir.
“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň 12-nji awgustynda geçiriljek I Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, iri taslamalar üçin şertleri döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň halkara derejesindäki orny we hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda iri maýa goýum taýdan özüne çekijiligi hakyndaky pikir alyşmalaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Täzelikler, TDUayka tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir