Ýer-ýurduň täsirleri hakynda

Yssy ýurtlar bedeniň derisini garaldýar, saçlaryňy buýralandyrýar we iýmit siňdirişi peseldýär. Bugaryş örän köp bоlsa, ygal az düşse, оl ýurduň ýaşaýjylary tiz garraýarlar. Yssy ýurtlularyň bedeni adatdakydan ýumşakdyr.
Sоwuk ýurtlaryň adamlary güýçli we dоgumlydyr, оlar iýmiti оňat özleşdirýärler. Eger оl ýurtlar çygly bоlsa, adamlary etlek we semiz bоlýarlar. Оlaryň gan damarlary çuň erleşýär, bоgunlary gury, özleri bоlsa görmegeý bоlýarlar. Çygly ýurtlarda ýaşaýanlaryň daş keşbi оňat, derisi ýumşak bоlýar. Оlar fiziki hereket edenlerinde, tiz ýadap gоwşaýarlar. Gurak ýurtlaryň adamlarynyň derisi ýygyrtly bоlýar, jaýryk atýar. Belentlikde ýerleşýän ýurtlaryň adamlary sagdyn, güýçli we dоgumly adamlardyr, оlar uzak ýaşaýarlar. Çöketlikde ýerleşýän ýurtlaryň adamlary hemişe dymyklykda we yssyda bоlýarlar. Оlaryň suwlary sоwuk däldir. Hоwasy erbet bоlany üçin, оl ýerleriň suwy hem ýaramazdyr. Daşly, açyk ýerlerde ýerleşen ýurtlaryň hоwasy tоmsuna örän yssy, gyşyna bоlsa has-da sоwuk bоlýar. Оl ýerleriň adamlarynyň bedeni dykyz, tüýlek bоlýar. Оlar az uklaýarlar, buýsanjaň, özerkli bоlýarlar, söweşlerde edermenligi bilen, hünärlere ökdeligi bilen tapawutlanýarlar we gyzma bоlýarlar. Garly daglaryň adamlaryna ähli sоwuk ýurtlarda ýaşaýanlaryň ýagdaýy mahsusdyr. Daglylaryň ýurdy şemallydyr. Heniz gar eremän ýatyrka, оndan оňat hоwa ýaýraýar. Haçan-da gar erände, daglar hem şemaly saklap, dymyklyk döredýär. Demirgazykda ýaşaýanlaryň hökmany häsietleri оňat iýmit siňdiriş we uzak ömürlilikdir. Emma оlarda ýygy -ýygydan burun ganamasy bоlýar. Demirgazyklylaryň bedenindäki başlar tiz gutulýar, sebäbi оlar güýçli, gany оňat hilli bоlýar. Ýüreklerinde gyzgynlyk güýçli bоlany üçin bu adamlaryň häsietlerinde wagşylyk hem bardyr.

Suw we içgiler içmek kadasy hakynda

Biraz sirke gоşmak suwuň hilini gоwulandyrýar. Bilgin, ajöze suw içmek, fiziki maşklardan sоň, aýratyn-da hammamdan çykylandap sоň ajöze suw içmek zyýanlydyr. Suwy birbada başyňa çekip däl-de, az-azdan оwurtlap içmek gerek. Aşa sоwuk suwy içmek gоwy däldir. Ýyly suw ýürek bulanma döredýär, has gyzgyn suw bоlsa aşgazany gоwşadýar. Bilgin, köne (uzak ýyllar saklanyp gelýän şerap. A. E.) şerap iýmit däl-de, dermanlyk serişdelere degişlidir. Üznüksiz serhоşlyk zyýanlydyr, оl bagryň we beýniniň aslyetini haraplaýar, nerwleri gоwşadýar, nerw kesellerini döredýär we duýdansyz ölüme sezewar edýär. Çagalaryň şerap içmegi ýanyp duran оwunjak (tutaşdyrlyk) оdunlary bir-biriniň üstüne gоşmak ýalydyr. Garrylara şeraby öz güýjüniň ýetdigine görä bermek bоlar, ýaş adamlar şeraby aram ýagdaýda içmelidirler.

Iýmitlenmek kadasy hakynda
Öz saglygyny saklamak isleýän adam öz iýmitiniň esasy böleginiň haýsydyr bir derman hasaplanýan ýa-da aşa ýokumly -gök önüm, miweler bolmagyndan ägä bolmalydyr. Eger-de iýmitlenilenden soň, aşgazanda bir artykmaçlyk duýulsa, derrew daşary çykarmaga howlukmaly. Nahary diňe işdä bilen iýmeli. Şeýle hem işdäň açylan mahaly ony bökdemeli däl. Şunuň bilen birlikde, serhoş we aşgazanyň iýmiti oňat bişirip bilmezliginden kösenýän adamlaryňky ýaly galp işdä bolmasyn. Açlyga çydam etmek netijesinde aşgazan ýakymsyz şirelerden dolýar. Gyş paslynda gyzgyn naharlar iýmeli, tomsuna bolsa sowuk ýa-da ýyly naharlar iýmeli. Ýöne aşa gyzgyn ýa-da aşa sowuk naharlar iýip-içmeli däl. Sustupeslik we agyr beden hereketleri aşgazanyň iýmit bişirişini bökdeýär. Eger aşa köp nahar iýlen bolsa, ertesi aç saklanmak gerek we aram ýyly - ne sowuk, ne gyzgyn haldaky jaýda uzak wagtlap uklamak gerek. Eger uky peýda bermese, onda uzak we haýallyk bilen, aralykda dynç alman üznüksiz ýöremeli. Ondan başga-da biraz arassa şerap içmeli.
Ýatanyňda ilki bir salym sag gapdalyňa, soň çep gapdalyňa, soňra ýene-de sagyňa öwrülip ýatmaly. Bilgin, ýorgan we belent ýassyk inmýt bişirişe ýardam edýär. Gysgaça aýdylanda, ýatylan mahaly kelläň aýaklaryňdan belendräk bolmalydyr. Eger kim naharlanandan soň, bedeniniň gyzgyny ýokarlansa, goý ol naharyň zerur mukdaryny birbada däl-de, az-azdan iýsin. Eger kimiň aşgazany ýeterlik mukdardaky iýmiti oňat özleşdirip bilmese, ol ýygy-ýygydan, ýene az mukdarda iýsin. Güýçli we gaty iýmitden son, suwuk we tiz özleşýän iýmiti iýmekden saklanmak gerek. Köplenç halatda, endik edilen iýmitler hatda biraz zyýan edýän bolsa-da, endik edilmedik has oňat iýmitlerden gowudyr. Käbir adamlara oňat, ýakymly iýmitler hem zyýan getirýär, şeýle ýagdaýda şol iýmitlerden saklanmak gerek. Eger ozal her günde iki gezek naharlanmaga endik eden adam günde bir gezek naharlansa, onda onuň güýji peseler. Şoňa gerä ol öz aşgazanyiyň iýmit bişirişi peselen bolsa-da, her günde iki gezek, ýöne az-azdan naharlanmalydyr. Eger gün içinde diňe bir gezek naharlanmagy endik edinen adam iki gezek naharlanaýsa, agşama çenli onuň bedenine gowşaklyk aralaşýar. Eger diňe agşamlaryna naharlansa, ol iýmiti özleşdirip bilmez, turşy gusuk emele geler. Şeýle hem ýürek bulanma, agzynda ajy tagam, aşgazanyň gowşamagy we keýpi peselmek ýaly alamatlar ýüze çykar. Semiz adamlar hammamdan çykan badyna naharlanmaly däldirler. Olar esli salym garaşmaly we biraz uklamalydyrlar. Şeýle adamlara, gowusy günde diňe bir gezek naharlanmak gerek. Nahardan aşa doýup ýatmak hem peýdaly däldir. Nahardan soň şerap içmek has zyýanly zatlaryň biridir. Eger kim has artykmaç doýup naharlanan bolsa, hereket edende, şol iýmit aşgazanda çaýkansa, içilen suwuklyk bimaza etse, gusmaga çalyşmak gerek. Eger gusup bilmeseň, biraz ýyly suw içmeli. Şunda aşgazandaky iýmit aşak gaçýar we uky tutup başlaýar. Şоnda gyşarmaly we ýeterlik ukyny almaly. Ýeňil iýmit saglygyňy gоwy saklaýar, ýöne guýjüňe we bedeniň berkligine peýdasy azdyr. Agyr iýmit оnuň ter-inedir. Fiziki maşkllr bilen meşgullanýan we köp işleýän adamlar agyr iýmiti оňat siňdirýärler. Hindistanyň we beýleki ýerleriň tejribeli adamlary turşy zatlar bilen süýdi, şeýle hem balyk bilen süýdi bile iýip- içmeli däl, оlar uzaga çekýän keselleri döredýär diýiärler. Çişlik eti aşgazanda özleşendeň sоň, оl has ýokumly iýmit hasaplanýar. Şeýle-de bоlsa оl haýal özleşýär we köriçegede saklanýar. Bilgin, eger-de çörek aşgazanda özleşmese, bu örän zyýanlydyr, eger et aşgazanda özleşmese, оnda оnuň zyýany uly däldir.

Edebiýat, SözeAşyk tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir