B.e.öñki 2255 ㅡ b.e.öñki 318-nji ýyllar aralygynda aýdyñ bolmadyk Hunlaryñ atalaryna degişli käbir maglumatlar bar. Pyşdyllaryñ gabyklary we süñkleriniñ ýüzüne ýazylan ýazgylarda Hunlaryñ atalarynyñ Çyn-maçyndaky dinastiýalar bilen gatnaşyklary hakynda gürrüñ berýär. Soñraky döwürlerde-de görnüşi ýaly Mongoliýanyñ günorta taraplaryndaky Ordos-Kansu girelgesi, Hunlaryñ atalarynyñ Çyn-maçyna tarap çozuş edýän ýoly bolupdyr.
Şol çozuşlar netijesinde Çyn-maçyndaky mülk-ekinzarlyga bagly Lung-şan medeniýetiniñ ýerine bozgyr aýratynlygy bilen tanalan Ýang-şao medeniýeti emele gelipdir. Ýang-şao medeniýeti demiriñ ulanylmagy, atyñ eldekileşdirilmegi, Gök kulty ýaly harakteri gepiñ gerdişine görä aýtsak bozgyr aýratynlygyny göterýär.
Bu medeniýetiñ syýasy sahnada iñ belli bolany hem Çu (b.e.öñ 1122-255) döwletidir.
Bozgyr aýratynlyklaryny göterýän bu döwlet wagt geçdigiçe hytaýlaşypdyr.
Bir tarapdan b.e.öñki 318-nji ýylynda bir şertnama bilen bilinen Hsiung-nu transkripsiýasy ilkinji gezek ulanyşa girizilip ol şondan soñ hiç haçan ulanylmandyr we bu ýagdaý hiç haçan üýtgetmändir. Gepiñ gysgasy şeýleräk: Çyn-maçynda söweşen döwletler eýýamynda on dört beglik biri-biri bilen söweşýär ekenler. Bularyñ bäş sanysy kuwwatlydy we iñ kuwwatlysy Çyn-maçyna garşy Hunlardan esger kömegini almak maksady bilen Hunlardan ýardam sorapdyrlar. Ýöne Hunlaryñ kömegine garamazdan Çyn döwleti ýeñiş gazanypdyr. Hunlara garşy söweşlerde başarnykly bolmadyk Çyn-maçynlylar ýüz ýyla çeken harby reformalary işläp düzüpdirler, goşunlaryny bozgyr harby stilinde birleşdirip tälim berilip, ýaraglandyrylyp olary duruzmaga synanyşypdyrlar.



Ahmet Taşagyl. ''Gök tañrynyñ perzentleri'' atly kitabyndan terjime edildi.
Taýýarlan: Peşeñ ogly Afrasyýap

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir