Gapyny açyp seretse mekdep dosty Durdy gelipdir
— Oýýýý dost, sizäm gormek bar ekeni
- ölmede ýit diýleni dost, hany gir içerik
Şajan dosty bilen gadyrly salamlaşyp ony öýe saldy, oňa çaý çörek berip saçak ýazdy
Durdy
- başyňa duşen ähli ahwallary öýdäkilerden eştdim dost, bolmandyr özä welin eýesine gerek bolsa bendesi neýlesin diýipdirler.eýesi gerekländirdä dost, yzy ýarasyn, näme diýeli,
Şajan
- ilki jigim,soň ejem indam gelnim ,hudaý tutmasyn diýleni boldy öza dost
- mert bol, çagajyklaryň jany sag bolsun ,dogrydanda hany olar
- daýzalarynda özim serederin
diýip alyp gitdi
Şajan dosty bilen ondan mundan gurruň edip otyrdy we
Durdy
- Şajan diýýana indi men turaýyn,wagt hem giç boldy, senem ýatyp dynjyň al diýdi
- dost, sylap geleniňe sagbol, Alla ýalkasyn
- bile ýalkasyn ,dost
Soň Şajan dostyny ugradyp,ýatylýan otaga gaty-gaty ýöräp gaýtdy
Ýerine geçip, Mähriň telefony açdy
- Şajan, ezizim,ömrüm,diregim,ýüregim, meni bagyşla, janym. Men senden bir syry gizläp gezdim, ony özim bilen, gabra äkitjekdim,ýöne meniň wyždanym çatmady we ol syry edil seniň ýüziňe göni duryp men aýdyp biljek däldim. Hiç bir zenan meniň duşen gunime, duşen wagtynda, ömür ýanýoldaşyna aýdyp biler öýdemok, aýdaýanda-da ýanýoldaşy dogry duşuner öýtdemok
Şonyň üçin hem ol syry telefona ýazgy etdim
Men, ol kemsitmäni içime salyp, salyp bir kesel tapynanmy bilýan we ömrüm uzaga gitmejegin eştdemsoň saňa bar zady aýtmagy ýuregme duwdim.
Şajan,şol toýdan gelýäkak, biziň duşen ýagdaýymyz ,ol iki sany taksi surýan, hudaýsyzyň eden işidi.
Biz onda olardan gorkyjymyza ne maşyn nomerin bellapdiris ne-de olaryň salgysyn. Wagşylyk bilen Jemala eden işleri, hiç gözümden gitmedi, Jemalyň naýynjar, ,gelneje komek edäýdäää, degmaýiň maňa jan dogan ,,diýen sözleri gulagymda, şol ýaňlanyp durdy
Jemaljan ol kemsitmäni ýuregi göterip bilman, öz janyny orta goýdy, Jemalyň ölumi ejeňe ahyr degdi, oda gan basyş birde beýgelip birde peselip, kelle beýna gan aýlynşygy ýetmän aradan çykdy Bu zatlaryň duýp sebabi, şol iki hudaýsyzdy, olar Jemal bilen ikimize el degirdi, wagşylyk bilen erkeklik guýjun ulanyp topyldy, biziň güýjümiz ejiz geldi .
Olaryň betniýeti amala açdy. Hatda men olara Jemala degdirmejek bolyp tutyş bar gyzyllarym, hodurledim,olar ne pula ne-de gyzyla seretdi.
Nowça ýaljak gyz barka,çynar ýaly gelin barka biz olary näme edeli diýip topyldy we amala açyryp bizi şol ýylgynlyga,ýylgynly oýa taşlap gitdiler
Ezizim, maňa dogry duşunaýdä,janym.Jemal janyna kast edensoň mende ol nejizlerden ar almak pikir doredi, ýöne nadip, hiç ugryn tapmadym...
Şajan ýerinden turyp bir kofe taýynlap geldi.Telefony täzeden açdy
- ezizim, bagyşla meni, ýüregimdäki gara tegmili name bilen supurup aýyrjagym bilmedim, bagyşla, ol zatlary içime salyp bir kesele duçar boldym, mende goreşere guýç galmady
Şajan, meniň ýatýan ýassygymyň içinde, onyň gyrasynyň tikinini sök, ortarasynda bir zat badyr, şony al, men ony ikilenji gezek şol ýere baryp Jemalyň telefony almaga baramda tapdym, belki şol zadyň üstu bilen Jemal, ikimiziň arymyzy alyp berersiň...
Şajan, tarsa ýerinden turdy we aýdylan ýassygy eline aldy....

Dowamy bar

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir