Maşyn saklandy.Mähri maşyndan düşdüde Nurmyrada şu ýerde garaş diýip özi ýylgynlygyň içine sümüp gitdi.
Nurmyrat hiç zat sorama diýlensoň, ol sesin çykarmady. Maşynyna mündi-de Mährä garaşyp otyrdy
Mähri şol ýylgynly ýere geldi.
Maşyndan düşüp batly ýöräp gaýtsada ýylgynyň ýanyna ýetip barýaka sakga saklandy we haýaljakdan ýöräp ugrady.
Ol ilki goni Jemaly surap alyp gidilen ýerine bardy, eýläk beýläk seredişdirdi. Telefona gözi duşmedi, çäge zat gömen bolaýmasyn diýip çägäni hem eýläk beýläk edip gordi Birden ýylgynyň gapdalynda ak zada gözi duşdi. Ol baryp görse Jemalyň telefony, onyň zarýaty çöküp gidipdir,gumlaryn kakyşdyryp ony ýanyndaky kiçijek sumkasyna saldy
Yzyna dolandy. Özini ýylgyna berk dirap saklanan ýerine geldi ,görse o taýda ol hudaýsyzlara gyza degme diýip hödürlän zynjyry guniň ýagtysyna ýylpyldadyp durdy,ol hasyr- husur zynjyryny aldy we onyň gapdalragynda iki ýuzingin hem tapdy.
Ol adamyna,şo wagt gyzyllarym al, gyza degme diýip gygyranda eliniň tersi bilen eline kakyşyn ýadyda saldy.
Onyň ýuzun şo wagt dyrmam dyrmam edipdi, ýöne erkegiň güýji erkek bolýada ,naçe dyrçaşsada ,ol onyň elinden sypyp bilmändi
Mähri zatlaryn alyşdyryp öýe ýöretjek bolanda ,çäge basyp giden maşynyň tigir yzynda bir pasporta meňzap duran kagyza gözi duşdi, ony pasportmyka diýip eline aldy, gorse maşynyň teh pasporty eken.
Ol onyň içini açyp gördi. Onyň içinde gyzjagazny gujaklap duran är aýal suraty bardy.
Ol teh pasportyň daşlygynyň gyrasyna dykylyp goýlypdyr. Mähri suraty görenden tanady,we haramzada öz gyzyň hem bar ekena hudaýsyz melgun,ony Jemala degmäň diýip, Mähri ar guýjuň jemlap topulanda, onyň kisesinden gaçan bolaýmasa, garmagurumlykda bilen däldirler : - diýip pikir etdide, ony hem sumkasyna saldy
Maşyna geldi. Nurmyrat maşynyň rolyna ýaplanyp irkilipdir.
Mähri gelip ony yralady.
Nurmyrady tuzuryp öýe garşy gaýtdylar.Ol ýolda Nurmyratdan
— partadaş, maşynyň teh pasporty bilen onyň eýesini tapyp bolarmy diýip sorady
— hawa tapyp bolýar, ol nämä gerek boldy partadaş
- aý hiçle, ýene bir gün arkaýynlykda gurruň beräýerin:— diýdi
Mähri öýe gelip agşamlyk naharyna seretdi, Jemalyň telefonny zarýata goýdy,
Jemal ýatyrdy, ony oýatmaga dözmedi
Agşamlyk nahary guýaýyn diýip durka, Şajan Mähriň ýoldaşy smenden geldi, çagalar kakada kaka bolşyp, 15 gun aýraçylykda bolsada,göresimiz geldi,diýip kakalarynyň boýnyna bokdiler
Şajan ekizjelerin taýly gezek ogşap ,ogşap ýolda gelýarka olara alan kamaz maşyny berdi.Çagalary kakalarynyň bu sowgatyna örän begendiler
Agşamlyk nahary jem bolyp iýdiler we soň her kim öz otagyna girdi.
Şajan çagalary ýatýanja olar bilen öziň içinde hezil edip maşyn maşyn kamaz sürüp oýnady.
Çagalar ýatansoň ol Mähriniň ýanyna geçip gelnini bagryna basdy. Iki dunýe gapyşmady diýleni, öz nikaly äri hem bolsa ,şol kemsitmeler Mährini gowrup barýardy.Ýöne diňe dymdy.Ol Şajana hakykaty aýtmaga gorkdy, iki çagasy ýetim galar, erkek adam bu masgaraçylygy ýuregi gotermez öýtdi we hiç zat aýdyp bilman hyrçyny dişledi.
Şajan ýadow bolansoň derrew uka gitdi .Mähri onyň döşünde kellesin goýyp uklap galdy
Rahatlykdanmy ýa ýoldaşynyň ýanynda barlygandanmy Mähri örän ahyr ýatdy
Daň saz berende
- waaaaaaaaaaaý, gyzyyyyyyyyyyyyym diýen gaýyn enesiniň çirkin sesine Şajanyň
daşaryk ylgap gidişine zaňňa ýerinden galdy we daşaryk ylgady .....

Dowamy bar

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir