Mähri ekizleri gujagyna gysyp öz otagyna garşy gitdi
Ol çagalar bilen
guýmenip öz otagyndan öýläne çenli çykmady,ol olara guýmenip otyrka gaýyn enesi içeri girdi
- gelin diýýän-ä, Jemaljana ot ýaly gyzyp ýatyr men, jaň edýan welin oba doktormyz jaňyn alanok, bir işi çykyp daşaryk ukola puloka dagy telpunyn taşlap gidaýipdir öýtýän,men şoňa gidip geljek,we ondan aňyry daýy ugrymyz agşama sadaka aýtdy şoňa görnüp gijiräk gelerin, çagalaryň oýynjaklaryn öňine dökde agşama bir zatlar bişir,Jemalyň ýanyna welin olary salaýma dumew,bu ýyl gaty agyr ,olara bir geçaýmesin: - diýdi
Jemal ot ýaly gyzyp ýatyr diýende Mähri ýerinden bökup turdy we
- bolýa enesi, siz arkaýyn lukmany tapyp geleweriň, özim nahar hem ederin çagalarymada serederin,Jemalada siz gelýanjäňiz ajyja noýbalap aş bişirip bererin:- diýip gaýyn enesiniň, öýden çaltrak giderin isledi
Hiç zat aňmadyk gaýyn enesi lukman gözlemage gitdi.
Ol howlydan çykan badyna,howlygyň kildini ildirip, ylgap baryp Jemalyň otagyna girdi we
- Jemaljan, gowymy ýagdaýyň, hany öziňe gel
- gelnejeeeee, men tekiz ýaramok,kellami ýerden galdyrasym gelenok,
- gowy bolar, gaýgy etme men ýanyňda
- gelneje, meniň el telefonym gören dalsiň
- ýok goremok
- şol telefonym.şol ýerde galdy, sen kyn gorman gidip akelip beraýda, Sähet jaň etmelidi, (Sähet Jemalyň gowy görýan ýigdidi, ol gullykdady, we kawagt komandirlerinden ruhsat sorap şonuň telefonyndan jaň ýetýardi,habarlaşyp durýardy,Sähet bilen halaşýanny welin Mähri bilýardi)
- bor Jemaljan erte men bir zat edip getirjek bolaýyn
- ýok gelneje häzir git ejem bolsa hazir azyndan iki üç sagatdan bari gelmez ol çetki obadaky daýysynyň ogly sadaka hem edýar lukmana aýdyp ondan aňyrryk şoňada görünjek ,giç gelerin diýdi
- bolýa
Mähri derrew klasdaşy Nurmyrada jaň etdi, ol Mähri bilen on ýyl bir partada bile otyran mekdep ýyllaryndaky iň.ýakyn dostudy we ol öz garyndaşydy.
Onyň maşynynda bir ýerik gyssagly gidip gelmeli diýip ony çagyrdy
Nurmyrat gelýanja hasyr husur noýba arassalap noýbaly aşyň çorbasyn atardy ,çorba gaýnan badyna noýbasyn atany hem şoldy welin Nurmyrat sygnal berdi
Naharyň aşagyn haýalladyp,Jemala çagalary tabşyryp özi ylgap diýen ýaly maşyna mündi we
-Nurmyrat,öran gyssagly ,ýone nira we nameüçin diýip menden zat sorama diýdi
- Arkaýyn bol partadaş
Mähri maşyna münüp şol ýylgynly oýa garşy maşyny surdurdi
Ol ýylgynly oýuň başyndan girip başlandan Mähriň ýureginde doran gursuldi güýjäp başlady.ol geçmişiň ýogyz kemsitmesin naçe ýatlamajak hem bolsa,wakaň bolan ýerine çenli özini otdan alyp oda oklady.
Beýle kemsitmaň ejirin çekip çydardan ýurek ejiz gelýardi
Ol maşynyň aýnasyna kellesin berip, gözin ýaşlap pikire batdy
- wah men guraýyn, taksi diýip munen zadymyzyň beýle betpäl pikiriniň barlygyn aňmaýşymy, Jemal çaga indi naderka, özimi özim etimi iýip barýan, bu zatlary Şajan eştse nahili bor,ol göni ikimizam öldur, ýa bar zady özim aýdaýsamykam, bu kemsitma ýurek ejiz gelýar ,ýuregimde ar almak hyžywy döretýar ,ýöne ol taksiň ne nomerin nede salgysyn beläýmändirindä, göni baryp biz plan zat boldyk diýsem çare gorerlermika, ýöne çare gorende na il içinde ,anha plan zat edilen gelin ýa plan zat edilen gyz gelýar diýip barmaklaryn çommaltsalar name, by zatlara Şajan çydar öýtýamiň, ýok ,iň gowsy gizlaýin,bu kemsitme ýuregim bir böleginde gara tutun bolyp galsyn ,il gine ýaýsaň şemal ýaly çar ýana biziň.gepimiz ýaýrar,maşgalamyzyň agzybirligini pozmaýyn
- Mähri, tur aýdan ýermize geldik, - diýip Nurmyradyň sesine Mähri pikirinden aýňaldy ....


Dowamy bar

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir