Allaha hamd, Pygamberimiz Muhammede salat we salam bolsun.

Sorag: Esselämu aleýkum. Meniň şeýle soragym bar! Dinimizde bir kişi başyna gelen kynçylyklar sebäpli, ölümini dilemegi bolýarmy? Allah razy bolsun!

Jogap: Waleýkum esseläm we rahmetullahi we berekatuh.

Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle diýdi:

لا يتمنين أحدكم الموت من ضر أصابه، فإن كان لا بد فاعلاً فليقل اللهم أحيني ما كانت الحياة خيراً لي، وتوفني إذا كانت الوفاة خيراً لي

“Sizden biri özüne gelip ýeten (hassalyk, bela-beter we şuňa meňzeş zatlar) sebäpli, hiç haçan ölümini dilemesin! Eger dileg etjek bolsa, şeýle diýsin: Allahym ýaşamak meniň üçin haýyrly bolsa meni ýaşat, ölmek meniň üçin haýyrly bolsa, meniň janymy al!” (Sahyh Buhari we Sahyh Muslim)

Bu hadys hassalyk, garyplyk, bela-beter we şuňa meňzeş başgada kynçylyklar sebäpli ölümi dilemegi berk gadagan edýär.

Çünki bir kişiniň öz ölümini dilemeginde, dünýäsine we ahyrýedine ençeme zyýanlary bardyr.

Bulardan käbiri:

1-nji: Bir kişiniň başyna gelen kynçylyk sebäpli ölümini dilemegi onuň bu kynçylyklar sebäpli ejizländiginiň alamatydyr.

Aslynda bolsa, Allah Tagala kyn ýagdaýa düşen kişä sabyr etmegi we bu ýagdaýdan halas bolmagy üçin, elinden gelen sebäpleri ýerine ýetirmegi buýurýar.

2-nji: Ruhy taýdan gowşaklyk we ýaltalyk peýda bolup, umytsyzlyga düşmek.

Aslynda bolsa, bu ýagdaýa sezewar bolan kişi, bu kynçylyk bilen elinden geldigiçe göreşmeli we ruhy taýdan hem umytsyzlyga düşmeli däl. Ýagşy umytda bolmaly.

3-nji: Takdyra nägilelik.

Her bir zat Allah Tagalanyň takdyry bilen bolýandyr. Biziň aýagymyza diken çümsede Allahyň takdyry bilen bolýandyr. Kä ýagdaýlarda biziň özümiz üçin gowy diýen zadymyz, biz üçin erbet bolup çykýar. Biziň başymyza gelen kynçylyk biz üçin erbet bolup görünsede belki biz üçin haýyrly boljakdyr.

Şonuň üçin musulman kişi bela-betere duçar bolanda umytsyzlyga düşmeli däl, ejizlemeli däl! Sabyr etmeli we göreşmeli. Sabyr edip, göreşenimiz üçin hem sogap gazanjakdygymyzy unutmaly däl. Hiç bir ýagdaý ebedi galyjy däldir. Gowlyk hem erbetlik hem gelip-geçijidir. Belki hem biziň başymyza gelen kynçylyk soňunda biziň üçin peýdaly bolup çykar. Allah bilýär biz bilmeýäris. Biz boýnumyza düşeni edip, takdyra razy bolmaly! Bu dünýä synag dünýäsidir.

Salamat boluň!

Sorag-jogap, Atakaka tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir