Gaharym gelýär,
Edilmedik işlerme....
Gynandym kän..
Wagt ýetmezçiligine
Ejizledim ýitirenlerime
Köýdüm boş pikirlerime
Ýetmedik erkime.
Ýer tutmadyk örküme.
Tutaşmadyk ataşyma
Orun almadyk bakyşyma..
Eý dünýe köňlimi darlama.
Giňlik ber, omrimi kişä baglama.
Orun berme dar gursakda...
Ökünjime...uzakdaky Salgyma..!

Guwanasym gelýär..
Edenlerime.
Begendim kän
Ýetişenlerime.
Taplandym tapanla:mdan.
Ýazdym az-kem tutanla:mdan
Üzülmedik erk jylawym
Çagşamadyk örk hatarym.
Sönüşmedik odum yşkym
Öçüşmedik sary keşbim.
Şükürüm kän Dünýe saňa..
Asyl eçilibilipsiň maňa..
Şükürüm kän.
Erkli duýýan..
Durmuş güzabynda gaýnap,
Barlygyma monça bolýan..

Edebiýat, Berdi T tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir