Ene garnynda peýda bolan ekizler başda hiç zatdan habarsyzdylar. Wagtyň geçmegi bilen olaryň eli aýagy we beýleki agzalary emele gelmip başlapdyr , Olar daş töweregindäki bolup geçýän zatlarada göz ýetirip başlapdyrlar. Bolýan ýerleriniň ýaşaýyş üçin rahat hem howpsuzdygyna göz ýetirip, olar hasam begenipdirler. Öz-aralarynda: „Bu ýer ýaşamaga, gör nähili amatly. Bu ýerde ýaşamak hezil“ – diýip pyşyrdaşypdyrlar. Ulaldygy saýyn olaryň bilesigelijiligi hasam örç alypdyr. Özleriniň ýaşaýan dünýälerini we ýaşaýyşyň çeşmesini agtaryp başlapdyrlar. Şeýdip olar ejeleri bilen özlerini birleşdirýän turbajygyň bardygyna, şol turbajygyň üsti bilen iýmitlenýändigine göz ýetiripdirler. -Ejemiziň mähri çensiz uly eken. Ol bizi şu turbajyk arkaly iýmitlendirýär. Aýlar geçýärdi, ekizler bolsa ulalyp ýoluň ahyryna golaýlap barýardylar. Bolup geçýän üýtgeşiklikleri synlap,olar bu ajap ýeri taşlap gitmeli boljakdyklaryna düşünýärler. 9-njy aýa geçilende „gidişlik“ baradaky duýduryşlar güýjäp ugrady. Bu ýagdaýda howsala düşen ekiziň biri beýlekisine: -„Nämeler bolýar? Bu bolup geçýän zatlaryň manysy näme?“ Ekizleriň beýlekisi giň göwünli hem akylly eken. Üstesine bu ýaşaýan dünýäleri onuň duýgylaryny doly kanagatlandyrmaýan eken. Ol has giň dünýani arzuwlaýan eken. Ol şeýle jogap berýär: -„Bu duýduryşlar biziň bu ýerde mundan artyk ýaşap bilmejekdigimizi görkezýär. Bu dünýädäki ömrümizi paýawlap barýarys“. Jigisi bolsa: -„Meniň gidesim gelenok. Hemişe şu ýerde ýaşasym gelýär”-diýip şumjarypdyr. -“Edip biljek zadymyz ýok. Belkäm, başka bir älemde ýaşaýyşymyzy dowam etdireris.” -“Biziň ýaşaýyşymyzy üpjün edýän turbajyk kesileninden soň biz nädip ýaşarys. Onsoňam, bu ýere bizden öňem gelip giden bar. Daşarky dünýäden welin gaýdyp gelen ýok. Ýok, bu hemme zadyň soňydyr.... Belkem ENE diýen zadam ýokdyr..” -Hökman bolaýmaly. Eger ýok bolsa biz bu ýere nädip düşdük?. Ejemiz ýok bolsa bu ýerde-de ýaşamazdyk. Hökman ejemiz bardyr.

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir