NEDIR ŞA
(1688-1747)

XWIII. asyrda Eýranda şalyk eden Nedir, 1688-nji ýylda dünýä gelýär. Ol gelip çykyşy bilen türkmenleriň awşar taýpasynyň garakly tiresindendir. onuň ýaşlygy Äbiwert-Deregez (häzirki Kaka)-de geçýär. 1711-nji ýylda kakasy Imamguly han aradan çykandan soňra ol,
kerwenleri talaýan garakçylara baştutanlyk edip başlaýar.
Nedir, Äbiwerdin häkimi Babaly begiň hyzmatynda bolup,türkmen we kürtleri özüne tabyn etmek üçin birnäçe harbi
ýörişler geçirýär we onuň şan-şöhraty giň ýaýrap başlaýar. 1723-nji ýylda Maşadyň häkimi Melik Mahmudyň goşun serkerdesi bolandan soň, Nediriň şöhraty, at-abraýy has-da artyp onuň ady bütin Horasana ýaýraýar. Nedir, 1726-nji ýylda Tahmasp şanyň goşun serkerdesi hökmünde gulluga başlaýar we 1732-nji ýylda ony agdaryp häkimligi öz eline alýar. Ol, 1736-nji ýylda Mugan çöllüginde uly dabara bilen şa diýip yglan edilýär, başyna täç geýdirilýär. Şondan soňra ol öz zalymlygyny has-da güýçlendirýär we sähel göwni galan adamlary ýok etdirýär we hatda öz uly ogly Ryzaguly hanyň-da gözlerini oýdyrýar. Nedir şa, Kawkaza, Dagystana, Bagdada, Hyrata, Gandahara, Hindistana, Buhara, Hywa harby ýörişler geçirip, ägirt uly imperýa döredýär. Asly türkmen bolsa-da onuň türkmenler barada ýöreden syýasaty Eýranyň öňki şalarynyňkydan tapawutlanmandyr. Ol, Horasan we Hywa türkmenleriniň üstüne telim gezek gandöküşikli harby ýörişleri geçirýär. Äbiwert töwereklerinden soňra Mary töwereklerinde-de öz hüjümlerini dowam etdirjek bolanda Tejen derýasyny geçip bilmäni, Saragsa tarap ýönelýär we ony eýeleýär. Ondan soň, Durun taraplaryna gelip gozgalaň göteren türkmenleri gyrýar. Ol soňra Mara tarap ugraýar we ol ýerdäki tatarlary (türkmenleriň bir tiresi bolan) horlap, uly taryhy şäheri-de weýran edýär. Nedir, Amyderýa boýlarynda ýaşaýan türkmenlere-de gün bermeýär ýöne türkmenler asyl oňa boýun bolmandyrlar we salgydy-da doly tölemändirler. oňa garşy hereketlere Keýmir Kör ýolbaşçylyk edipdir. Nedir, Hytaýy basyp almak maksady bilen ýol teýýarlygyny görüp
ýörkä, öz Awşar garyndaşlary tarapyndan Maşadyň golaýynda öldürilýär. Onuň şeýle tizlik bilen guran imperýasy ölenden soňra (1747), basym dargaýar.

Bilim, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir