(1809-1849)

Amerikan edebiýatynyň iň görnükli romantik şahyry we nowellisti Edgar Allan Po dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyrýar. Edgar Po F.Kuper, N.Gotorn, G.Loňfellow ýaly ýazyjylara goldaw berip, amerikan edebiýatynyň ösmeginde uly rol oýnaýar. Edgar Po Amerikada Şekspiriň, Miltonyň, Defonyň eserlerini ýaýradyjylaryň biri bolupdyr. Ol öz döwrüniň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerine dogry baha berip bilýän tankytçy hökmünde-de tanalypdyr.
Edgar Po dünýä edebiýatynda detektiw, ylmy-fantastiki we «gorkunç» edebiýat diýilýän üç žanryň düýbüni tutujy hasaplanylýar.
Edgar Po Bostonda göçme teatrda oýunlary görkezýän aktýorlaryň maşgalasynda eneden dogulýar. Iki ýaşyna ýetende onuň ene‑atasy aradan çykyp, ony wirjiniýaly Allan atly söwdagär ogullyga alýar. Edgar ýaşlygynda bu baý maşgalada lälik ösüpdir, onuň hatda kiçijik boýly poni aty-da bar eken.
Edgar Riçmond mekdebinde okap bilim alypdyr. Ol gowy okapdyr, görmegeý, güýçli, çakgan, ezber çapyksuwar, ýüzüji, sazanda bolan bu ýigit daş-töweregindäki adamlary haýran edipdir. Ol latyn dilinde goşgy düzüpdir, suraty oňat çekipdir, matematikany, himiýany, medisinany gowy bilipdir, iňlis we nemes romantikleriniň eserleri bilen gyzyklanypdyr. Emma onuň bu ukyplary onuň söwdagär, işewür kakalygyny känbir gyzyklandyrmandyr. Muňa garamazdan, ol hem Edgara guwanýan eken. Şol döwürde onuň kakalygy eýýäm tüçjar baý, millioner bolupdyr. Ýöne ol heniz Edgary resmi taýdan ogullyga almaga, ony öz mirasdüşeri etmäge howlukmandyr. Edgaryň ejeligi ony gowy görüpdir. Ol tä ömrüniň ahyryna çenli Edgara hemaýat edipdir.
Edgar Wirjiniýa uniwersitetinde okaýan döwründe kakalygy bilen tersleşip, öýden gidýär. Şeýdip, Edgar on ýedi ýaşynda hiç hili serişdesiz, öýsüz-öwzarsyz galýar. Wirjiniýa uniwersitetinde-de ol bary-ýogy bir ýyl okaýar. Soňra ol ilki Bostona gidýär we birnäçe wagtdan soň meýletinlik bilen harby gulluga durýar. Ol bir ýyl gulluk edenden soň, harby gullugyň berk düzgün-nyzamyna çydaman, kömek sorap, ejeligi Frensis Allana ýüzlenýär. Kakalygy Edgary harby gullukdan satyn alýar. Soň ol ejeligini görmek üçin, Riçmonda gidýär, ýöne ol eýýäm aradan çykan eken. Edgar Riçmonddan Baltimor şäherine gidýär. Ol Baltimorda kakasynyň garyndaşlaryny tapýar, kä-bir edebiýatçylar, şahyrlar bilen tanyşýar.
1829-njy ýylda Edgar Po «Al Aaraaf, Teýmirleň we beýleki goşgular» atly goşgular ýygyndysyny çap etdirýär. Emma entek ady belli bolmadyk Ponuň goşgular ýygyndysy okyjylaryň we tankytçylaryň ünsüni özüne çekip bilmeýär.
Edgar Ponuň kakalygy öz diýeninden çykmasa, oňa kömek etjekdigini aýdýar we ony West Poýntdaky iň gowy harby mekdebe ýerleşdirip, Edgaryň adyndan onuň bäş ýyl harby gullukda boljagyna hem gol çekýär. Edgar ilkibada harby okuwlary gowy özleşdiripdir, emma harby gulluk ony imrindirip bilmändir. Şol sebäpli ol özüniň okuwdan çykarylmagyny gazanypdyr. Bir ýyldan soňam onuň kakalygy aradan çykýar we öz mirasyna degişli wesýetinde Edgaryň adyny agzamaýar.
1831-nji ýylda Edgar Po özüniň üçünji goşgular ýygyndysyny çykarýar. Ýöne olaryň satyn alnyşy ujypsyz bolupdyr. Bu döwürde işsiz, maddy kömeksiz galan Edgar Po köp ýazypdyr. 1833-nji ýylda Baltimor şäherinde çykýan «Saterdeý Wizitor» atly žurnal Ponuň «Çüýşeden tapylan golýazma» atly hekaýasy üçin oňa ýüz dollar baýrak berýär. Bu pul baýragy Pony mätäçlikden we açlykdan halas edýär hem-de baýragyň abraýy bilen oňa žurnalistika ýol açylýar. Ine, şondan soň Edgar Po tä ömrüniň ahyryna çenli Riçmond, Baltimor, Nýu Ýork, Filadelfiýa şäherlerinde çykýan gazet-žurnallarda işleýär.
Edgar Po Wirjiniýa Klemm atly daýzasynyň gyzyna öýlenýär, emma onuň aýaly inçekesel bilen keselläp, ir aradan çykýar. Edgar Po aýalyna bagyşlap birnäçe goşgy ýazypdyr.
1845-nji ýylda çykan «Garga we beýleki goşgular» atly ýygyndysy Edgar Ponuň şahyr hökmündäki abraýyny has hem berkidýär. Edgar Po ömrüniň soňky ýyllary «Jaňlar» (1849), «Ulýalýum» (1847), «Annabel Li» (1849) ýaly iň gowy goşgularyny we dünýä belli nowellalaryny ýazýar.
Edgar Po Baltimor şäherinde syrly ýagdaýda (ony huşundan giden ýagdaýda köçedäki skameýkadan tapýarlar) 1849-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda hassahanada aradan çykýar 1.

1 Edgar Po hassahanada üç günläp samrap, özüne gelmän ýatýar. Soňra ol huşuna gelende, lukmanlar oňa suw hödürleýärler, emma Po suw içip bilmeýär, içse-de, ony kynlyk bilen ýuwudýar. Şol sebäpli alymlar Po guduzlama keselinden ölendir, ol kesel bolsa oňa öz pişiginden geçendir diýip çak edýärler, sebäbi Po pişigini gowy görýän eken. Şeýlelikde, «Po çakyr içip, serhoş halda ölüpdir» diýen çaklama ýalňyş bolup çykýar, sebäbi Ponuň garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, ol şondan alty aý öň çakyr, arak içmegini goýan eken (New Scientist, 21 September, 1996).

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir