1834-nji ýylda ýazylan «Gorio kaka» romany Balzagyň döredijiliginde wajyp orun tutýar. Bu onuň «Adamzat komediýasyna» girýän ilkinji romanydyr. Bu romana gatnaşýan köp gahrymanlar Balzagyň ondan soňky eserlerinde-de görkezilýär. Bu eserde Balzak tankydy realizmiň esasy talaplaryny kemala getirýär we öňki fransuz edebiýatynyň realistik däplerini dowam etdirýär, ony kämilleşdirýär.
Romanda esasan iki adamyň ykbaly görkezilýär. Olaryň birinjisi Fransiýanyň günorta welaýatyndan Pariže okamaga, ýokary jemgyýete aralaşmaga gelen ýaş ýigit Ežen de Rastinýak hanym Wokäniň pansionynda1, ýagny «Wokäniň öýi» diýlip atlandyrylýan myhmanhanada ýaşaýar. Ežen gelip çykyşy boýunça garyp düşen dworýan maşgaladan bolup, onuň kakasy, ejesi, iki erkek dogany, iki sany uýasy we daýzasy bar.
Rastinýaklaryň mülkünde kakasynyň pensiýasyna hem‑de üzümden gelýän hasylyň hasabyna ýaşaýarlar. Şol girdejileriň bir müň iki ýüz frankyny her ýyl Eženi okatmak üçin sarp edýärler. Ežen özünden gizlenýän bu hemişelik ýetmezçiligi, garyplygy görýär, ony ýiti duýýar. Öz maşgalasynyň iň arzan azyklary-da ine-gana iýmän, tygşytlaýandygyny köp gezek synlan Rastinýak bu maşgalanyň geljeginiň diňe özüne baglylygyna düşünýär we her edip‑hesip edip, Parižde baý adamlaryň hataryna goşuljak bolýar.
Ežen birbada köp işlemegi ýüregine düwýär, ýöne soň özüne gerek tanyşlary tapmagyň ugruna çykýar. Pariž jemgyýetinde aýallaryň güýçli täsiriniň bardygyny görüp, Rastinýak bu jemgyýete aralaşjak bolýar. Ol bir wagtlar köşkde bolan daýzasy hanym de Marsiýýagyň tanşy Wikontessa de Bosean diýen tanymal aýala Rastinýagy tanyşdyrmak üçin ýazan haty bilen şol zenanyň öýüne barýar. Daýzasynyň hatyny iberen gününiň ertesi Wikontessa Rastinýagy bala çagyrýar, şol ýerde Rastinýak ýokary jemgyýete degişli baý ýigitleri, gelingyzlary görýär. Anastazi de Resto atly hanym bilen tanyşýar (Soň Rastinýak görüp otursa, Anastazi Gorio kakanyň gyzy bolup çykýar).
Rastinýak hanym Wokeniň öýünde iki ýyl töweregi ýaşanda altmyş dokuz ýaşly, öň baý bolan, un, wermişel 2, söwdasyny eden Gorio kaka diýen bir adam bilen tanyşýar. Hanym Wokeniň pansionynda ýaşaýan on sekiz sany ýaşaýjynyň biri bolan Gorio kaka örän garyp ýaşaýar. Pansionyň ýaşaýjylary hemişe onuň üstünden gülüp ýörýärler. Rastinýak bu garrynyň geçmişi bilen gyzyklanyp, rewolýusiýadan öň Žan-Žoaşen Gorionyň ýönekeý wermişelçi işçi bolandygyny, soň gozgalaň döwründe wepat bolan wermişel kärhanasynyň hojaýynynyň emlägini satyn alandygyny bilýär. Rewolýusiýa döwründe un, çörek, bugdaý, wermişel satyp baýan Gorionyň şol söwda ugrundan deňi-taýy bolmaýar. Emma garransoň bar baýlygyny Anastazi we Delfina atly iki gyzyna bölüp berip, olary baý ýere durmuşa çykarýar.Gorio gyzlaryny janyndan eý görýär. Olar näme diýse, alyp berýär. Ol öz baýlygynyň kömegi bilen Anastazini baý adamlaryň biri bolan de Resto atly grafa, Delfina atly gyzyny bolsa, onuň puly diýseň gowy görýäni üçin, bankir Nusingine durmuşa çykarýar. Ol özüniň ömürboýy gazanan baýlygynyň diňe ujypsyzja bölegini özüne goýýar. Onuň üstesine-de, gyzlary indi tanymal maşgalalara durmuşa çykansoň, kakalarynyň wermişel söwdasyny edýändigine utanýarlar. Oňa indi söwdasyny goýmagy teklip edýärler. Şol sebäpli Gorio kaka hanym Wokeniň arzan pansionynda ýaşaýar. Gyzlarynyň hiç biri öz kakasyny ýanynda saklamak islemeýär. Onuň üstesine-de olar kart oýnap bergä batýan ýaş söýgülisini halas etjek bolup, ýa-da başga keýpi-sapalar üçin, kakalarynyň ýüregi ýukalygyndan peýdalanyp, onuň galanja pullaryny-da ýuwaş-ýuwaşdan ondan alýarlar. Gorio kakanyň puly gutaransoň ol hor, garyp ýaşaýar. Iň beteri-de, onuň gowy görýän, daşyndan guwanyp ýörýän gyzlary indi kakalarynyň puly gutaransoň ony görmäge hem gelmeýärler. Olaryň kakalaryna bolan söýgüleri Gorionyň pulunyň gutarmagy bilen tamamlanýar.
Gorio kaka keselläp, gyzlaryna köp garaşýar we ahyrsoňy: «Olar meniň iň soňkymy alyp öwrenipdirler, sebäbi meniň bar eden zatlarym olar üçin bir köpük boldy. Olar maňa «gözüňi oý» diýseler, şonam ederdim. Men olara «alyň, oýuň diýerdim!» Olaryň çagalary olardan meniň arymy alarlar. Olar özi üçin gelmeli, Nazi, Fifina, geliň..., maňa olaryň köýnegini beriň, elimi degreýin, olaryň saçy... » diýip, Gorio kaka jan berýär.
Rastinýak we Býanşon, iki sany talyp Gorio kakany öz hasaplaryna iň soňky ýoluna ugradyp jaýlaýarlar. Ony ugratmaga graf de Restonyň we baron de Nusingeniň boş paýtunlary gelýär.
1 Pansion – ýaşaýjylara nahar berýän myhmanhana, kireýine ýaşamaga otag berilýän ýer.
2 Wermişel – unaşyň guradylan görnüşi.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir