(1799-1850)

Onore de Balzak we Stendal fransuz edebiýatynda tankydy realizmiň düýbüni tutujylar bolup, fransuz jemgyýetiniň durmuşynyň dürli meselelerini görkezýän romanlaryň ajaýyp nusgalaryny döreden ýazyjylardyr.
Onore de Balzak 1799-njy ýylyň 20‑nji maýynda Tur şäherinde eneden dogulýar. Ýazyjynyň kakasy Bernar Fransua Balsa (Balzak) daýhan maşgalasyndan bolupdyr, soňra ol Tur şäher häkimliginde gullukçy bolup işläpdir. Rewolýusiýa döwründe ol goşuny azyk we geýim bilen üpjün etmek bilen meşgullanypdyr, ýöne baýamandyr. Balzagyň ata-babalary Balzak d’Antrag diýen dworýan maşgalasy bilen baglanyşykly bolupdyrlar. Şonuň üçin Onore öz adyna «de» (ýagny dworýan derejeli diýmek – R. M.) diýen sözi goşupdyr.
Balzagyň ejesi mata satyjynyň gyzy bolupdyr. Ol çagalaryny berk düzgün-tertipde saklamagy gowy görüpdir. Onore maşgalada çagalaryň iň ulusy eken. Ol sekiz ýaşyna ýetende ony Wandom kollejine okuwa beripdirler. Mekdepde ol romanlary, tragediýalary, filosofiki eserleri okamagy gowy görýän eken. Kähalatlarda gadagan edilen kitaplary okaýandygy üçin, oňa mugallymlar tarapyndan temmi hem berlipdir. Mekdepde okan ýyllary Balzagyň özi-de goşgy ýazmaga synanyşypdyr.
Balzak on dört ýaşyna girende agyr keselleýär. Ol orta bilimi pansion mekdeplerinde alýar. Soň ol Parižde hukuk hünärini öwrenipdir we şol bir wagtda notariusyň kömekçisi bolup işläpdir. Emma onuň hukukçy bolmaga höwesi bolmandyr. Ol ýazyjy bolmak arzuwy bilen ýaşapdyr. Balzagyň ene-atasy bolsa onuň ýazyjy bolmagyny islemändirler. Balzak hukuk mekdebini gutaryp, ol ene-atasyna ýazyjy bolmak isleýändigini aýdanda, kakasy ilkibada bu pikiri oňlamandyr, emma soň Balzak ýalbar-ýakar edip, kakasyndan iki ýyl synag möhletini alýar. Emma Balzagyň ene-atasy öz «bikär» ogullarynyň saýlan kärini öz tanyş-bilişlerinden gizlemek üçin, gatnaşýan tanyşlaryndan ýazyjy bolmak islegini gizlinlikde saklamagy onuň öňünde şert edip goýupdyrlar.
Şol döwürlerde hem Balzagyň kakasy gullugyny goýup, otstawka çykýar we olar Parižiň etegindäki Wilparizi diýen ýere göçüp barýarlar. Onore ýeter-ýetmez halynda Parižde ýeke galýar. Ol Pariž-de öz gününi özi görmeli bolýar. Kakasy ogluna pul kömegini örän az beripdir. Şol sebäpli ol peç ýakylmadyk otagda, ýarym aç–ýarym dok halda ýaşapdyr. Şol döwürde Balzak ýazyjy üçin örän ähmiýetli bolan synçylyk hünärini öwrenýär. Ol: «Diňe ykrar edilmedikler, diňe garyplar synlamagy başarýarlar, sebäbi ähli zat olaryň göwnüne degýär, synçylyk jebir-jepanyň üsti bilen gelýär» diýip, Balzak polýak grafinýasy Ewelina Ganskaýa 1 ýazan bir hatynda aýdýar.
Parižde bir garyp külbede Balzak gije-gündiz edebiýat bilen meşgullanýar, ol köp okaýar hem-de şol bir wagtda Angliýanyň taryhy bilen baglanyşykly, iňlis buržuaz rewolýusiýasynyň baştutany Oliwer Kromwel baradaky «Kromwel» atly tragediýasynyň üstünde işleýär.
«Kromwel» tragediýasyny ýazyp bolandan soň Balzak ony maşgala agzalaryna okap berýär. Olaryň arasynda Dablen daýy, doktor Nakkar, ýaş inžener jenap Sýurwil ýaly Balzaklaryň maşgalasy bilen gatnaşykda bolan adamlar bolupdyr. Olar Balzagyň ýazan tragediýasyny halamandyrlar. Ýöne Balzagyň özi örän ähmiýetli eser ýazandygyna ynanypdyr. Onsoň Balzagyň ene-atasy Politehniki uçilişşede edebiýat mugallymy bolup işleýän ýörite hünärmene, akademik Andriýä ýüz tutmagy makul bilýärler. Ol Balzagyň eserini okap görüp: «Muny ýazan awtor näme iş etse-de, edebiýat bilen meşgullanmaly däl» diýip, çürt-kesik karar çykarypdyr. Şeýdip, kakasynyň Balzaga beren synag möhleti şowsuz gutarypdyr. Şonda hem Balzak edebiýaty taşlamak-ha beýlede dursun, tersine, indi özüniň ýazyjy bolup biljekdigine berk ynanypdyr we tä ömrüniň ahyryna çenli diňe ene-atasyna däl, eýsem tutuş jemgyýete özüniň zehinli ýazyjydygyny subut etmek üçin göreşipdir.
Balzak Pariždäki mansardada 2 ýerleşen horaşaja otagyna gelip, ruhdan düşmän, döredijilik işini täze güýç bilen dowam edipdir. Ol özi ýaly ady entek näbelli, meşhur bolmadyk ýazyjylar bilen syrly, elhenç wakalardan doly, şol döwürde köpçülik tarapyndan gowy görlen «gara romanlary» ýazypdyr. Bu romanlarda gorkunç wakalar, galtamanlar we zäherläp adam öldürýänler, «syrly nätanyş adamlar», gan sorujy wampirler, ruhlar, jynlar görkezilipdir. Balzak şeýle eserleri köp ýazypdyr, ýöne olary halamandyr. Ol kem-kemden täze görnüşli eserleri döretmegiň ýoluna düşýär, realistik oçerkleri ýazyp başlaýar. Bu oçerklerde Pariž şäheriniň ýaşaýjylarynyň hakyky durmuşy görkezilýär. Olara «fiziologik 3 » oçerkler diýip at beripdirler.
Balzak eýýäm 1830-njy ýyllaryň başynda ussat ýazyjy bolup ýetişýär. Ol şol döwürde baýajak bolup, çaphana satyn alýar, ýöne ol peýda getirmeýär. Soň ol çaphanany ýapmaly bolýar. Şonda Balzak kyrk bäş müň frank karza batýar. Ýöne ol ruhdan düşmän, ýene-de roman ýazmaga girişýär. Balzak eserlerini örän çalt ýazypdyr we köp işläpdir. Emma käte algydarlardan gizlenip, köçä çykmadyk wagtlary-da bolupdyr.
Ýazyjynyň ilkinji şowly eseri «Şuanlar» (1829) diýen romanynda ol Bretan welaýatynyň daýhanlarynyň (şuanlaryň) gozgalaňyny beýan edýär. Bu roman Balzagyň «Adamzat komediýasy» eserler toplumyna goşulan ilkinji romandyr. Romanda Balzak rewolýusiýanyň ideýalarynyň onuň garşysyna göreşýän güýçleri ýeňýändigini görkezýär.
Onore de Balzak ömrüniň soňky ýyllarynda ady belli ýazyjy hökmünde giňden tanalýar. 1850-nji ýylyň martynda Balzak Ewelina Ganskaýa atly polýak grafinýasy bilen Berdiçew şäherinde nikalaşýar.
Soňra olar Parižde ýaşaýarlar. Ýöne Balzak şol döwürde ýarawsyz eken we 1850-nji ýylyň awgust aýynda Balzagyň saglygy ýaramazlaşyp, ýazyjy aradan çykýar.
Balzagyň eserlerinde şol döwrüň fransuz jemgyýetiniň durmuşynyň ähli taraplary tankydy nukdaýnazardan görkezilýär we ýazyjy adamlaryň her edip-hesip edip, dürli ýollar bilen baýlyga, pula gyzyp, diňe öz şady-horramlygy, lezzeti üçin ýaşap, özleriniň iň ýakyn adamlaryndan ýüz öwürýändigini hem-de özleriniň adamkärçilik sypatlaryny ýitirýändiklerini beýan edýär.

1 Balzak Ewelina Ganskaýany söýüpdir, ýöne onuň bilen diňe 1850-nji ýylyň mart aýynda, ömrüniň soňky ýylynda nikalaşypdyr, awgust aýynda bolsa Balzak aradan çykýar.
2 Mansarda – iň ýokarky gatda, üçegiň aşagynda ýerleşen ýaşaýyş jaýy.
3 Fiziologiýa – haýwanlaryň we adamlarýň tebigatyny, olaryň organizminde bolup geçýän hadysalary öwrenýän ylym.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir