1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna we urşuň yzynda galanlara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar, ajaýyp güller gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ýeňiş güni—bu parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige bolan beýik gyzyklanmalary äşgär edýän aýratyn senedir. Türkmen halky Watan ugrundaky ýowuz söweşlerde gazanylan Beýik Ýeňşe mynasyp goşandyny goşdy. Halkyň edermen ogullary egin-egine berip, beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde frontlarda, partizançylyk otrýadlarynda gahrymanlarça söweşip, tylda tutanýerli zähmet çekdiler. Biziň watandaşlarymyzyň şol ýowuz ýyllardaky harby edermenligi we gahrymançylykly zähmeti Watana bolan söýginiň, ar-namysyň we borjuňa wepalylygyň hakyky nusgasy bolup galýar.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň ýüzden gowragy Gahryman adyna mynasyp boldular. Türkmenistanlylaryň müňlerçesi söweş ordenleri we medallary bilen sylaglandylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýew hem bolup, onuň ömür ýoly bu gün ýaş nesiller üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we adamkärçiligiň belent nusgasy bolup durýar.

Türkmenistanda aýratyn hormat bilen gurşalan weteranlar hakynda hemmetaraplaýyn alada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän we Watanymyzy hem-de halkymyzyň abadançylygyny gülläp ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Uruş weteranlary we olaryň maşgala agzalary üçin ýurdumyzda lukmançylyk hyzmaty, durmuş ulgamy bilen bagly ýeňillikler bellenildi, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksadynda anyk ädimler ädilýär. Esgerleriň yzynda galan naçarlar–mukaddes maşgala ojagyna wepalylygyny saklan mähriban enelerimiz we mamalarymyz hem uly üns we alada bilen gurşalandyr.

Ýurdumyzyň parahatçylygyny we howpsuzlygyny, halkyň abadan we döredijilikli durmuşyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, ony döwrebap ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen üpjün etmek, şeýle hem harby gullukçylar üçin zerur bolan gulluk we durmuş şertlerini döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, “Açyk gapylar”, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty yzygiderli amala aşyrýar.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir