Aý dolanda görünýän jandar

Filippinleriñ Sibale adasyndaky eldeki haýwanlaryñ nämälim şekilde öldürilmegi ýerli halkda gorky döretdi. Ýaşaýjylaryñ aýtmagyna görä käbir ''jandarlar'' Aý dolmaga birnäçe gün galanda orta geçileri parçalap gidýär. Filippinleriñ merkezi sebitlerinde ýerleşen daglyk Sibale adasynda 4500-e golaý adam ýaşaýar we gury ýerden ada barjak bolsañ iki sagada golaý ýol ýöremeli.
''Manila standard'' gazetiniñ ýerli ýaşaýjylarynyñ gözi bilen görüp beren gürrüñlerine esaslanyp berýän habaryna görä, geçen bir aýda jemi on alty geçi parçalanypdyr.
Munisipialetiñ başlygy Lemuel Kipriano hem 2012-nji ýyldan bäri Aý dolan wagtlarynda öldürilen geçileriñ 211-e ýetendigini aýdyp, yzygiderli bolýan bu näbelli wakalaryñ ýerli halkda gorky-howsala döredendigini belledi.
''Öý haýwanlarynyñ ýüregini, bagryny parçalap we ganlaryny sorup'' öldürýäniñ kimdigi belli bolmansoñ, gorkunç kinofilmleri ýatladýan myş-myşlar adanyñ her ýerini gurşap aldy.
Käbir daýhanlar gan öýen gözleri bilen geçilere hüjüm edýän jandaryñ äpet gara ite meñzeşdigini aýdýarlar, käbirleri bolsa onuñ ''adam möjek'' ýa-da ''it görnüşli wampir'' bolaýmagynyñ ahmaldygyny orta atýar.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir