Kompýuteriň ekranyny surata almak üçin niýetlenen şeýle bir programma kän welin olaryň haýsy birini ulanjagyňy biler ýaly däl. Hersiniň bir gowy tarapy bar, ýöne geliň biz şu temada şol programmalaryň iň bir ulanmasy aňsadyny, ýönekeýje gurluşy bolan görnüşi bilen tanyş bolalyň!
Bu programma FastStone Capture diýip atlandyrylýar. Tutýan ýeri örän kiçijik bolan bu programma ekrany surata almak üçin örän amatly we täze kompýuter öwrenijileri üçin has-da ýönekeýleşdirlen interfeýsi bilen ýatda galyjy häsiýetlidir. Hany onda programmanyň ýerine ýetirýän işleri bilenem tanyşalyň: Esasy buýruklary berýän bölümleri şular:

1. Işjeň penjiräni surata alýar
2. Saýlanan penjiräni surata alýar
3. Islendik ýeri kesip surata alýar (dörtburç görnüşde)
4. Islendik ýeri kesip surata alýar (islegiňe görä)
5. Tutuşlygyna ekrany surata alýar
6. Bitewiläp surata alýar (Meselem: surata alynýan sahypalaýyn kitap bolsa onuňam ýarysy ekrana sygmaýan bolsa galan ýarty bölegini hem goşup bitewi bir surat edip alyp berýär)
7. Berlen ölçegde surata alýar (gerekli ölçegi özüň girizýäň şoňa görä surata alýar)
8. Ekrany wideo ýazgy edip ýazyp alýar.
9. Alnan suraty açmak üçin gerekli programmany saýlap bolýar.
10. Sazlamalar bölümi

Çeşme: ertir.com saýty

Tehnologiýa, Gurban93 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir