Nurly güneş parlap dogdy, gül gujakly Diýaryma,
Bagt guşy ganat kakyp, gondy, ajap eýýamyňa,
Şygra sygmadyk waspyňy, salyp gyjak-dutaryňa.
Bagtymyzyň ak ýollary, ak röwşeni siz Arkadag.

Ak mermerli ymaratlaň, depesi asmana galdy,
Rekortlaryň kitabynda aýratyn bir orny aldy,
Ýyldyrym deý ösüşleriň, ertekini ýada saldy,
Bagtymyzyň ak ýollary, ak röwşeni siz Arkadag.

Aýdym, gazal, şygyr dessan, adyň älem içre doldy,
Daglaryňa Bürgüt, Laçyn, baglaryňa bilbil gondy,
Tebigatdan egsilmejek baýlyk nebit-gazyň çogdy,
Bagtymyzyň ak ýollary, ak röwşeni siz Arkadag.

Ata-baba ganyndadyr, nesil ýolun yzlap gelýän,
Ýigitleriň gaýduwsyzdyr Watan üçin janyn berýän,
Arkadagym bar paýhasly gelejegi öňden görýän,
Bagtymyzyň ak ýollary, ak röwşeni siz Arkadag.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir