Bashy sheyle bashlady, Magazindi ish yerim. Azyk onum, harytlar, Sowda-satyg ishlerim. Garshymdaky magazin, Içinde bir nazenin, Ishleyardi men bilen Gonshy bolup gunuzyn. Gelip her gun irgozin, Salam berip geçerdi. Derrewem ishe bashlar, Magazinni açardy. Duhin ysy bark urup, Ysy heryan gezerdi. Duhi satyan ol gozel, Yurejigmi ezerdi. Kate penjira garap, Gozum ondan doymazdy. Yshk heseri paralap, Hiç gunume goymazdy. Oylenmedik oglana, Bashga name gerekdi. Shol gyzyn ajap nazi, Guler yuzi gerekdi. Her hili bahana bilen, Baryardym on yanyna. Gep gybat gytmy, Ugrun tapmak bardyra. Sonabaka owrenship, Gep sozumiz alyshdy. Aramyzda gatnawmyz, Has beter yygjamlashdy. Bir gun ony çagyrdym, Agshamky konsert zala: "Gideli aydym dinlaris, Belki aylansak çala?!" Hayyshym teklip etdim, Jogabyn berdi nagt: "Shu sozune ay oglan, Garashypdym kop wagt..." Shey diydi-de yylgyryp, Oyun shekli yuzlendi. A men bolsa yuregim, Dunk-dunk edip tizlendi. Garashmandym bu soze, Yaydanyp yorsem natjek. Gyz bolsa hosh bolupdy, Diydi: "Bileje gitjek!" Onun unsi konsertdi, Aydym-sazy dinlap. A men unsum shol gyzdy, Gownumem zaryn inlap. Ine sheydip bashlandy, "Konsertin" bashky sazy. Goy bagtyma dushursyn, Duz bolsun sonam yzy. Son, sonlar korap gitdi, Tutashdy yshk heseri. Soygi - jadyly duygy, Uytgeshikdir hoziri. Ir saher ishe bile, Giçligem shaher seyle. Mydam gormesem gune, Gunum otmezdi oyle. Yaydanmanam duramok, Gyrpa kakasy bardy. Kim bolsada halanok, Tire-taypa otardy. Shol kakasy dalmidi, Meni shu gune salan. Indi gyzy nadip yor, Çagan uçinem oylan. Men ykbaldan nalamok, Gyzyn bagtyn yatyrdyn. Oz çagana kest edip, Ahli zadyn yitirdin. Wah nazenin, nazenin, Nadip yaratdy zemin. Okde suratçy gerek, Senin gul keshbin uçin. Meni bardy yuzunde, Çep gozunin ashagy. Gozum ona dushende, Shol meninin ashygy. Meni yetim gorduler, Sawçylarym ugratsam. "Gyzymyz yeke" diyip, "Nadip eklejek" diyip. Dogry puluma yokdy, Denlesherden irrakdi. Ata-eneden ir galdym, Durmushym sheylerakdi. Hemme zat pula bitse, Onda ajalam biterdi. Bu dunyede yashayshyn, Manysy hem yiterdi. Indi dinlan yzyny, Bermediler ol gyzy. Bir narkosha çykaryp, Okunip, urdy dyzy. Bir pullyn lalik ogly, Ejesinin balyk ogly, Mydama keypi bilyan Beynisi bozuk ogly. Rowa gorduler shona, Barlyja, gurply yere. Gyzy gan aglap gezdi, Manlayyn urup yere. Hemmesi geçdi gitdi, Ay aylandy, yyl otdi. Menem boldum mashgala, Mashgalama bashgala. Jay galdyrdym, oy tutdum, Mashyn aldym, toy tutdum. Yetimlik yatdan çykdy, Gowy adamlardan dost tutdum. Gollap durdy dostlarym, Mydama komek berip. Shukur HUDAYA yrsgalym, Manlayymdan goterip. Emma ol gyzyn bagty, Gutardy gelin wagty. Bir narkoshyn elinde, Bolmady gulen wagty. Nebir gyzyn bagtyna, Dushupdyram pis kishi. Mashgalasy, oyi dal, Neshesi on bar ishi. Satdy malyn, baylygyn, Çekdi gelnin aylygyn. Gelni gorguli shonda-da, Dymyp gezdi aybynyn. Nira gitjek uç çaga, Kakadana derek yok. Uçujigem aç çaga, Eklemage horek yok. Atasy oyne barsynmy, Ol atadan derek yok. Gyzyna çykmaka aytdy: "Gyzym yza donmek yok. Eger shumjaryp gelsen, Asaryn goni bilsen. Bizin entek tirede, Ayrylshan yokdur bilsen." Onsuzam yanan gelin, Bogny ysyp durmady. Shol gyrpa kakasyny, Gowni islap yormedi. Ay borda dost, men sana, Baryn aydyp durmayyn. Geçen zat geçdi gitdi, Indi welin dymayyn. Geline haypym inyar, Hiç kisha gorkezmesin. Maslahat dost mendena, Çagana gorkezmegin. Gorkezenin gorersin, Elin dyza urarsyn. Yalnysh hata goyberip, Giçben son okunersin.

Perhat Sabirow
+99364290174

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir