Konstitutsiýa döwletiň ýokary kanunçylyk toplumydyr. Ondaky berkidilen kadalaryň we düzgünleriň döwlet dolandyryşygyna göni täsiri bar. Türkmenistanyň Konstitutsiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Konstitutsiýa laýyklykda Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, öz territoriýasynda hökmürowandyr we bütin häkimiýete eýedir. Ol içeri we daşary syýasatyny özbaşdak amala aşyrýar. Döwleti dolandyrmak Prezident respublikasy formasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanda döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy häkimiýetine, ýerine ýetiriji häkimiýetine we sud häkimiýetine bölünmek prinsiplerini esaslandyrýar. Türkmenistan halkara hukuklarynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen normalaryny ileri tutýar. Ol dünýä birleşigine doly hukukly döwlet bolup girýär, daşary syýasatynda parahatçylykly ýaşaşmak, güýç ulanmazlyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk prinsiplerine daýanýar. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Döwlet graždanyň öňünde jogapkärdir. Ol şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şert döredilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň konstitutsiýasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, graždanlaryň hukugy we azatlygy kemsidilip ýa-da çäklendirilip bilinmez. Konstitutsiýanyň düzgünlerine ters gelýän islendik kanunlaryň ýa-da beýleki hukuk aktlarynyň hukuk güýji ýokdur. Döwlet organlarynyň graždanlaryň hukugyna we azatlygyna degişli hukuk aktlary hemmä açyk äşgär etmek üçin çap edilmelidir ýa-da başga usulda halka ýetirilmelidir. Şeýle edilmese, olar kabul edilen pursatyndan başlap güýçsüz hasap edilýär. Azat jemgyýetde hukuk esaslaryny berkitmäge Türkmenistanyň adamyň hukuklary we azatlyklary hakyndaky halkara aktlaryna goşulmaga hem ýardam edýär. “Türkmenistan dünýä bileleşikleri tarapynda kabul edilen we halkara hukugyň normalarynda hasaba alnan adamyň we graždaniniň esasy demokratik hukuklaryny we azatlygyny ykrar edýär we oňa hormat goýýar, olaryň netijeli bilelikde ýaşamaklary üçin syýasy, ykdysady, hukuk we beýleki kepillikleri döredýär” diýlip, 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Konstitutsiýon kanunda aýdylýar. Adam hukuklary babatda Bitarap Türkmenistanyň halkara borçlary hakyndaky Deklarasiýada adam hukuklarynyň ähliumumy Deklarasiýasynyň maksatlaryna we prinsiplerine: halkara hukugynyň kanunlaryna we hemmeler tarapyndan ykrar edilen normalaryna wepalydygy tassyklandy. Onda Türkmenistanyň jynsyna, dinine, syýasy we beýleki ynançlaryna, milli we sosial gelip çykyşyna seretmezden, her bir adamyň Konstitutsiýa tarapyndan berkidilen hukugyny we azatlygyny üpjün etjekdigi tekrarlandy. Öňki ratifisirlenen gumanitar sferasyndaky halkara dokumentlerden başga-da, 1996-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan graždan we syýasy hukuklar hakyndaky Halkara pakta, ykdysady, sosial we medeni hukuklar hakyndaky Halkara pakta, graždan we syýasy hukuklar hakyndaky Halkara paktyň fakultatiw protokolyna, aýallara bolan gatnaşygyň diskriminasiýasynyň ähli formalaryny ýok etmek hakyndaky konwensiýa goşuldy. Türkmenistan öz Konstitutsiýasyna laýyklykda, halkara hukugyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen normalaryny ileri tutmak bilen, dünýä bileleşiklerindäki ýurtlaryň integrasiýa prosesini çaltlandyrýar, halkara standartlaryna laýyklykda milli kanunçylyk normalaryny amal etmäge ýardam berýär. Halk Maslahatynyň we Ýaşulylar geňeşiniň 1998-nji ýylyň iýulynda Daşoguz şäherinde bolan mejlisinde täze jemgyýeti demokratizasiýalaşdyrmak meseleleri boýunça Türkmenistanda alnyp barlan işleriň jemi jemlendi, anyk edilen işlere baha berildi we ýakyn geljekde bu ugurda ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitlenildi. Ýurduň mundan beýläkki ösüşi üçin täze müňýyllygyň bosagasynda täze ideýalar we barlanylyp görlen strategiýalar gerek. Olar saýlaw sistemasyny mundan beýläk hem demokratizasiýalaşdyrmaklygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlygyny giňişletmekligi göz öňünde tutýan düýpli çäreleriň kompleksi hökmünde türkmen halkynyň lideri tarapyndan öňe sürüldi. Olaryň esasy maksady halky häkimiýete ýakynlaşdyrmakdan, döwlet işlerini dolandyrmakda graždanlaryň roluny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Türkmenistanyň döwlet gurlyşy - Kontitutsiýa
-
Shazada
16 years ago
- konstutusiya`ny onem biryerde okap gorupdim.gaty gorme mun yali zatlar ucin komment yazanoklar diyip dost sen.kan politika bilen ishim yok mena dogrymy aytsam.. yenede sagjabol.;)
ps: soygi hakda kop komment yazyalar diyyanmi? ay yashlarda ;)
-
Farabi
16 years ago
- ýok men gaty göremok. diňe ýagdaýa gynanýan. başga ýurtlaryň ýaşlary-ha ot ýaly. :)
-
Ga1taman
16 years ago
- birhili okap başladym welin, türkmen TVsi yadyma düşüp gidyar..
\"depesin\" gelyar-da.. :D
halkyn anyna şunun yaly sözler.. \"boş söz\" bolup girdi..
şon üçin indi hiç kim munun yaly zatlara ynanmayar, gyzyklanmayar..
gynandyryjy elbetde.
-
Farabi
16 years ago
birhili okap başladym welin, türkmen TVsi yadyma düşüp gidyar..
Şuny biriniň aýtmagyna garaşýardym :)
\"depesin\" gelyar-da.. :D
Gynansak hem şu ýazgy döwletiň resmi organlary tarapyndan taýýarlanan ýazgy. Döwletiň ulanýan diliniň adamlara nähili ýigrenji bolup görünýänine düşünmek üçin uly sosýolog bolmak gerek däl. Munuň sebäbi bolsa şol diliň ikiýüzli döwlet tarapyndan ulanyp \"waragynyň\" çykarylanlygy. Ýene hut konstitutsiýada resmi dil diýip bellenilen türkmen diliniň şu ýagdaýy diýseň gynandyrýar.
-
shahyr
16 years ago
- menin ünsümi çeken zat dineje edebi yazilipdir. Şu aydylan zatlar işlese gaty demokratik yurt bolardy. Kaşge %50-si durmuşa geçirilsedi.
Dogrudanam halk bir hili bu zatlara \"ay yene şo zatlar-da\" ýaly seredýä eýýäm näçe wagtdan bari. Amala aşyp durmuşa geçirilmejegini gaty gowy bilensonlar bendeler nametsin.
Yalnyşmasam şeyle hadys bar. Nahili bolsanyz şeyle dolandyrylarsynyz diyip. Asyl güna bizin halkymyzda öytyan. Dogrymy aytsam in düşünmeyan temam menin.
-
Mergen
16 years ago
- Turkmenistanyn konstitusiasy:
(1992\'de entak cyrillic ulanyadyk, Taze Turkmen elibiyi 95 ya-da 96\'da kabul edildi oydyan, men mekdepdedim oza 2,3-nji synp\'yn birinde)
Shol 31 sahypalyk kitap mende bar, kamahal
habarlarda kabir
yurt\'laryn konstitusialaryndaky zatlar barada gurrun gidende
menem \"Bu yagday bizinkide nahilika?\" diyip, achyp seretmam bar...
suratyny goyayin gormedikler uchin :))
-
Farabi
16 years ago
- Sagbol mergen.
Ýalňyşmasam dördünji ýa-da bäşinji klasdadym. Ýaňaberdi atly bir taryh mugallymymyz bardy. Şol mugallym ýalňyşmasam 18-nji maýda, elinde konstitutsiýa kitaby bilen klasa giripdi, patriotik köp zat aýdypdy şol gün. Skobelev, Gökdepe, Hanlar, Orslar barada we ş.m. Şol taryh mugallymynyň şol günki gürrüňiniň joşguny ýadyma düşdi.
-
diwana
16 years ago
- kabir kinoda bar,adam bashyna gelyan showsuzlyklara,kyncylyklara,samsyk zatlara seredip name etjegini bilman oturyp gulup bashlayar daliran yaly.akyllynam samsyk etjek zatlar.okap yylgyryan, ajysyndan yone.
-
kakabay
16 years ago
- türkmenistanyň konstitusiýasy ovadan ýazylypdyr.
başga aýdyp biljek zadym ýok.
onsoňam konstitusiýaň ýazgysy gynansakda dövlet organlary tarapyndan taýýarlanypdyr -diýip ýazypsyň.
bagyşla dost dövlet organdan, olardan uly organ ýokmy .
-
Harmandali
16 years ago
- Konstitusiyada yazylan zatlary TM nache % bilenok biljegem bolanok sebabi geregem bolanok. Kop yagdayda ona gora hereket hem edilenok.
-
batyr
16 years ago
- Belki halk ol zatlari pikir etmage eli baranok. Daşari yurtdaki oglanlarin ot yali bolmagi. Olarin hemme mümkinçiligi bolmasi.
Hani irden okuva gidip öylanden sonam pagta ya da sigira gitsin olarin ol zatlari pikir etmegi anirrakda dursun naharini iyip yetişseler bolyar.
Bu zatlar yuvaş yuvaş gidyar. Elbet de biz de vagti gelende ol zatlari pikir etmana pursatimiz bolar.
Yöne bizin has esasi işlerimiz bar.
Biz studentler bu zatlari belki pikir edip bileris. Sebabi bizin kan işimiz yokmika diyyan. Ve oturan yerinden geplemek gati ansat.
Köp maşgala çagalarini okuva ibermek islanok eger dövlet zorlamasa. Şuvagtlikça. Bular üytgar.
Men birinci sapar konstitusiyani gati govi eken.
-
diwana
16 years ago
- elbetde dowlet shol zatlary halkyna owretmese, halka shol konstitusiya layiklikda garamasa, shol haklary-hukuklary goramasa, mediyada undap durmasa, erkinlik durmusyn her tarapyna yayramasa halk ony oz ozunden owrenmez. dowletin borjy halkynyn hak-hukugyny goramak, hemem shol zatlary owretmek. shu zatlar edilmese onda yuwashlyk bilenem oz ozi duzelmez.
dashary yurtdakylaryn uytgeshik pikir etmegi olaryn ot yaly bolmagyndan dal, erkinligin namedigini tejribe edip, tananlygy.
-
Derman
16 years ago
men diňe haýran galýan. nirdäki ýok söýgi temasyna 5 komment ýazylýar, kontitutsiýa baradaky tema bir komment hem ýazylanok...Farabi | 2007-12-17 22:10:41
Iki gonshy dachada:
Birinjisi: Men shu alma agajyny ekenime eyyam 3 yyl boldy, yone bu agach yylda berse bir 2 kg alma beryar.... mena bu agajy chapyp atarjak.
Ikinjisi: Gonshy, seret! Sen yylda bir gezek dachana gelyande 10 kg alma terjek bolyan suw berman, nury sepman, mor-mojeklerden goraman agajy! A men, hali alma agajyny bazardan satyn almazdan on, ona guneshli yeri tapdym, yere nur sepdim... yene gunde on yzyndan edil kichejek chaganyn yzyndan seredyan yaly seredyan. Agajam minnetdarlygyny bidirip yylda 50kg ashagynda alma beryar...
Logika dushundinizler oydyan.
-
Derman
16 years ago
başga ýurtlaryň ýaşlary-ha ot ýaly. :)Farabi | 2007-12-18 02:57:02
Что посеешь, то и пожнёшь.
Name eksen, shonam choplersin, yygnarsyn :)
-
JumadurdyGARAYEW
16 years ago
- konstitusiyamyz ( baş kanunymyz) kan dowre layik dal yone esasy zat konsitusion dowlet bolmak dal, hukuk dowleti bolmak gerek!
-
garabekewul
16 years ago
- 1993 yylyn 3nji mayy taze elipbiyin doredilen guni.1992 18 may t.stanyn dowlet konstitutiyasynyn guni.agam wyshiy poliseyiskide okayardy,men hem kawagt okamam bardy t,stanyn dowlet kanunlaryny,grajdan kodeksini,jenayat kodekisini.bizde kanun bar yone ol kanunlary ilki b/n yerine yetirmeli adamlaryn ozleri bozyarlar.namemish bir stoly eyyelap otyr \"il aglak bolsa doňuz depa chykar \"diyenleri.in yonekey mysal turmelerde jesasyny chekmeli adamlar,LTP-de duzelmeli adamlar puly bar tanshy bar.icherisine iyjegini geyjegini getirip beryarler.son olar boshanson hem gorkanoklar.mana beylede gowy diyip.bizin dowletimiz \"yüz otdan yssy\"diyen nakyla eyyeryar.ishi duship baranlar derrew onyn garyndashyny tanayarlar,seredip oturyan weli,garyndash chykyarlar.aslynda turkmen halky 6-7 arka yzarlayan weli gandusher garyndash chykyar.bizin hemmamiz ganybir turkmen.taryhymyz dinimiz,dabimiz,dessurymyz,bir ahyry.(bagyshlan kanun diyen bir agaja dyrmashyp,onun shahalaryna gechip gidipdirin)
-
JumadurdyGARAYEW
16 years ago
- Şu wagt T-da hemme kanunlarda taze reformlar geçirilyar, tazeden kodifikasyon işleri geçirilyar:)
-
yako174
16 years ago
- menem eshitdim yone kan inanmadim,sebabi konstitusiyani uytgetmek kop wagt alarmika diyyan?
Farabi 16 years ago- men diňe haýran galýan. nirdäki ýok söýgi temasyna 5 komment ýazylýar, kontitutsiýa baradaky tema bir komment hem ýazylanok...