Saňa gelip janym aram tapanym,
Howaňa zar bolup, ganaýyn salym,
Seniň her säheriň, baharyň gelşi
Sensizlige uýgunlaşman näçe ýyl,
Geldim, salym rahatlygyňa döz meni.
Mele toprak, mähriň duýup goýnuňda,
Ymyzgansyn aran gozler az wagt.
Aladadan, gussalardan saplanyp,
Irkileýin, gör nähili uly bagt..
Oýanaýyn, dertlerimden taplanyp.
Derman edip, akar suwuň içeýin,
Bu gursagyň ýörişlerin uzaltsyn.
Saýalaýyn baglaryňda her haçan,
Olar kalbyň dertlerini kemeltsin,
Eretsin, onuň pilislerini pos açan.
Bu tamiz koýnegim siňsin çaňyňa,
Laýyňa ezilsin lowurdan köwşum,
Bolmasa tämiz koçelerinde şaheriň
Olary ýuwmaga dözünmän ýörşum,
Gelişim, şolardan sormaga mähiriň,
Eçil maňa laýyňy-da, çaňyňam,
Olara zar men, edeýin togap,
Dertlerimiň, sogrylsyn gury agyrsy,
Olardan örüp ber owadan jorap,
Bärräk bolar entek Mollagarasy!
Eý owadan obam, doýup bilmän kän,
Ýene-de uzaga gitmeli bolýan,
Hoşlaşýan mysaly sergin şemally,
Baglaryň gollaryn bulaýlap galýaň
Her gezek,
aýňalman Sensizlik bilen, gidýän ahmyrly!
Janyk 5 years ago- 25 günden obama barýan☺