Mährem ojak! Soňky pursat gaşyňda,
Hoşlaşmak isleýär bu däli göwün.
Gaýtaryp berilmez, bilýän.. bolsada
Begensede atygsaýar ýüregim.
Bir wagtky gyzgalaňly leksiýa,
Arzyman sapaklary küýseýär.
Halypalaň söhbetiniň yssysyn,
Küýseýär galagolply bolsada,
Synaglaryň, hasaplaryň hossasyn.

Yhlasyn bagyş eden mugallymlaryň,
Küýseýär talapkär nazarlaryny.
Durmuş gunçalaryn özünde gizlän,
Ýaşlyk ýyllarynyň baharlaryny,
Özünde siňdiren hatarlaryny, otaglaryny.
Küýseýär küýsärem her dem,
Bu gursak soňlynça saparlaryny.

Delalatym ýetirsin taňrym,
"Uçruma" guwansyn mährem ojagym.
Şägirde guwansyn Mährem Halypa.
Hoşlaşmaga dözmesede ýüregim.
Ýatlanmaga dözülmesin bu pursat.
Çünki, durmuş şu gün bilen başlanyp,
Soňlamaga talyplygyň gamyny.
Ondan soňra uly gussa ulaşyp,
Gözlemäge çaklaňsyzja çemini.
Säheriň deminiň, toprak yssysyn,
Duýulşy deý, duýmaly durmuş heňini..

Durmuşa ataran mährem mekdebim,
Bagyş eden ýoluňdan saplanar ýurek.
Görümim, göreldäm mährem mugallym.
Berlen sapaklardan taplanar ýürek..
Ýaşasyn Mähriban mekdep,
Mährem mugallym!
Hormatlamak bilen, "2010 Uçrum".

Edebiýat, Berdi T tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir