Salam doslar size bir soragim bar Turkmenistanda hususu çaphana barmı havariniz barmi bar bplsa haysı velayatda adi name
Sorag
-
kakabay
16 years ago
- dost türkmenistanly däl öýdýän.
-
Shazada
16 years ago
- kitabyny chap etdirmane yer gozleyanmi?
mc_merw 16 years ago- tmolympiad-da Agajan aga bilen söhbetdeşlik bolupdy, şondan soraga degişli ýeri ýelmäýin.
Genel müdürlik tarapyndan taýýarlanylýan çaphanada çap etmeli ähli işleri döwlet we hususy çaphanalarda (bahasynyň amatlylygyna görä) çap etdirýäris. mysal üçin «altyn nesil» žurnaly aşgabadyň metbugat merkezinde çap edilýär. bu ýerde hakykatdan hem gowy çap etmegi başarýarlar. emma bir zada üns bermeli. kagyzy we reňkleri dogry saýlamaly. reňk meselesinde ýewropa reňkleriniň ýerine hytaý reňklerini ulansalar öçügsi bolýar.
şeýlede sirkiň jaýynda ýerleşýän «hatdat» çaphanasy hem arassa we hilli basyp bilýär.
türkmen-belorus bilelikdäki çaphanasy «swetoç» gowy etiketler basýar.
kiçiräk işleri (as sanly işleri) «türkmen kseroks» firmasy hem oňarýar. gowy tehnikalary bar. bir az gymmadyrak ýöne hili gowy. bular ýaly özüni oňarýan firmalarda kagyzlaryň dürli görnüşleri bar. hat-da biziň görmedik kagyzlarymyz hem bar.
türkmenistanda kitap we žurnal çykartjak bolsaň resmi işleýän neşirýatyň üstünden çykarmaly. žurnal üçin ilki rugsat almaly registrasiýa etdirmeli.
çykarjak kitabyňa hem bagly. okuw kitaplaryny bilim ministrliginiň üstünden geçirmeli.
edebi kitaplary öz hasbyňa çykartjak bolsaň pulyňy toplap neşirýatlaryň islendigine baraýmaly.
umuman şeýle.