Ösüşlerden öşüşlere dowamdyr,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany,
Gadamlaryň, üstünlige rowandyr,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

Döwletli döwranda, bagtyýar döwür,
Agzybir millete, Hakyň bakany,
Arkadagym bilen, sapaly ömür,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

Çar künjege akýar türkmeniň gazy,
Dünýäň ösüşine golun gatany,
Jana tenekardyr aýdymy-sazy,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany

Ýollar gurup dünýä açýar gujagyn,
Owazasy alyslara ýeteni,
Myhmanlara giňden açýar saçagyn,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

"Awazam" ýurtlaryň saglyk merkezi,
Birleşdirýär ulus-ili jahany,
Ak paýtagtym haýran edýär herkesi,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

Lebzi halallyga ýugrulan illeň,
Halal zähmet çekip, rysgal tapany,
Gaýtalar ýene-de, gaýtalar dilleň ,
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir