Hazynadan paýly bolaýyn diýseň,
Halatdan serpaýy alaýyn diýseň

Okagyn kitaby ýürekden söýüp,
Mähriňi siňdirgin dostuň deý uýup

Kitap açar saňa täze dünýäni,
Onuň bilen ýoluň ýagty bilýäňmi?!
 
Köp okaýan kişi bolýandyr dana,
Sözleri paýhasly, ýakymly jana,

Okaň siz doganlar ýadaman irmän,
Okaber kitaby ir ýa giç diýmän,

Agtar sen kitaby çyksa, sowalyň,
Kitap saňa tapar gerek jogabyň
 
Bilimi kişiler beýige ýeter,
Aýdan sözi, eden her işi biter,

Okap ýadamagyn diýmegin güm et,
Okasaň özgeden çekmersiň minnet.

Diýmäň okasam-da, girenok kellä,
Ýaşymam barypdyr bir kemsiz ellä.

Seret, seň deňleňä: bolupdyr alym,
Okamakdan gaçýan zalymdyr zalym.

Bilimsiz nadandan asla gelmez nep,
Togap et, Alyma aýagyndan öp.

Hazyna ýygnanyň bir pursat baýlyk,
Bilim ömürlikdir , däl, ýylyk, aýlyk.

Bilim Pygamberden galan paryzdyr,
Okamak ynsanyň dini:, karzydyr.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir